SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

ÝB 300 million doza sanjym alar

Ýewropa Bileleşigi Beýik Britaniýanyň “AstraZeneca” kompaniýasyndan 300 milion doza sanjym almak babatda şertnama baglaşdy. Britan öndüirjisi 2022-nji ýylyň martyna çenli bu sanjymlary üpjün eder.

Ýewropa Bileleşiginiň saglygy goraýyş ulgamy boýunça komissary Stella Kiriakides ÝB-niň raýatlarynyň peýdasyna çözülen bu çözgüdiň örän möhüm bolup durýandygyny belledi.

Aslynda ÝB bilen britan kompaniýasynyň arasynda ozal baglaşylan şertnama esasynda hem sanjym üpjün etmek göz öňünde tutulypdy. Ýöne kompaniýanyň tehnologiýasynda we logistika ulgamynda ýüze çykan näsazlyklar sebäpli sanjym üpjünçilig başa barmady.

“AstraZeneca” kompaniýasynyň sanjymy Ýewropanyň sanjym maksatnamasynda möhüm orun eýeleýär. Ol arzan bahalylygy we ýeňil ulanylyp bolýandygy bilen tapawutlanýar. Şu aýratynlyklary bu sanjymy “Pfizer” we “Moderna” sanjymlaryndan tapawutlandyrýar.
Mälim bolşy ýaly, Ýewropa Bileleşigi uly ýaşly adamlaryň 70 göterimini sanjym etdi. “AstraZeneca” kompaniýays bilen baglaşylan şertnama ÝB-ä agza ýurtlarda sanjym ýetmezçiliginiň öňüni almaga mümkinçilik berer.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/awtoulag-serisdelerinin-surujilerini-tayyarlamak-hakyndaky-duzgunnama-kabul-edildi/

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar