BIZNES

«Ýaşyl» ösüş boýunça tejribe alşyldy

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň 12-16-ysy aralygynda Germaniýanyň Galle-Wittenbergdäki Martin Lýuter hem-de Klaustaýl Tehnologiýa uniwersitetleriniň professorlarynyň gatnaşmagynda «Durnukly energiýa ulgamlary: Gaýtadan dikeldilýän tehnologiýalaryň esaslary we ulanylyşy» atly okuw seminary geçirildi.

Okuw seminaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar «Fotoelektrik modullaryny taslamak», «Gün batareýalaryň fiziki birikmeleri we tygşytlylygyny kesgitlemek», «Gün panelleriň tehnologiýasynyň ylmy barlag usullary», «Ýel elektrik stansiýalaryny modelirlemek we airodinamikasy», «Elektrik energiýany toplamagyň elektrohimiki kinetikasy», «Elektrik energiýany toplama ulgamyna seljerme bermek we onuň integrasiýasy» temalar boýunça özara pikir alyşdylar.

Bu okuw seminarda professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň halkara hünär derejesini ýokarlandyrmaga hem-de özara tejribe alyşmaga aýratyn üns berlip, seminaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylara halkara derejeli degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Halkara bilermenleriň gatnaşmagynda geçirilen bu okuwlar, professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň öňdebaryjy tejribelerini özleşdirmäge hem-de ylmy barlaglaryň hilini ýokarlandyrmaga uly ýardam etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Täze «Kenar» duralgasy TNGIZT-niň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy