BILIM

Ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşige badalga berildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakyndaky” Kararyna laýyklykda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli, Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmeklerini, ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiýa we maglumat-tehnologiki işläp taýýarlamalarynyň milli ykdysadyýete giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmek, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmak, innowasiýa tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşige badalga berildi. Bu barada Ýaşlar guramasy habar berýär.

Alym Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen ýurdumyzda ylmyň ösmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde bu bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän ýaşlaryň sany barha artýar. Bäsleşik jemi 6 ugry öz içine alyp, aşakda görkezilen seneleriň tertibi boýunça geçiriler:

1-nji ugur: Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika – 11.04.2024ý.

2-nji ugur: Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika – 12.04.2024ý.

3-nji ugur: Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary – 15.04.2024ý.

4-nji ugur: – Häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary – 16.04.2024ý.

5-nji ugur: Innowasion ykdysadyýet – 17.04.2024ý.

6-nji ugur: Ynsanperwer ylymlary – 18,19.04.2024ý.

Ýene-de okaň

Ýapon dili boýunça okuw sapagy geçirildi

Ýapon dilinde suhangöýlük sungaty boýunça XVIII bäsleşik geçirildi

Türkmen diplomaty rumyn uniwersiteti bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi

Eýranly professorlar tarapyndan geçirilen hünär kämilleşdiriş okuwlary geçirildi

Türkmenistan we Beýik Britaniýa bilim ulgamyndaky amaly hyzmatdaşlygy giňeldýärler