Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda ýokary netijeler gazanylýar hem-de öňde goýlan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen baglylykda, şol gazanylanlary, gadymy milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, Türkmenistanyň durmuş ugurly syýasatyny amala aşyrmakda ýaşlara uly orun berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek we olaryň eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, bagtyýar şu gününe, beýik geljegine bolan buýsanjyny artdyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlar döwlet tarapyndan özlerine bildirilen ynamdan ruhlanyp, ähli ulgamlarda yhlasly zähmet çekýärler. Bu bolsa Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda täze döwrüň ruhuny açyp görkezýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşa geçirilen düýpli özgertmeler ýurdumyzyň keşbini tanalmaz derejede özgertdi. Hormatly Prezidentimiziň üstünliklere beslenýän döwlet syýasaty Watanymyzyň ykbalyna we geljegine bolan jogapkärçilige has aýdyňlygy bilen düşünýän ýaşlar tarapyndan hemmetaraplaýyn we doly goldanylýar. Işine ussat ýaşlary, olaryň hünär we döredijilik taýdan gazananlaryny höweslendirmek hem-de goldamak bilen, ýaş nesliň ynsanperwer, watançy, ruhy we beden taýdan sagdyn, jogapkärli şahsyýetler hökmünde kemala gelmegi üçin ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda ähli şertler döredildi.
Umuman, 2023-nji ýyl Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly uly üstünliklere beslenip tamamlandy. Ýaşlar özleri üçin döredilen şertlerdir mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezýärler, döwrüň ösüşleri bilen deň gadam urup, Watanymyzyň Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýarlar. Şoňa görä-de, geçen ýylyň soňky günlerinde paýtagtymyz Aşgabadyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen halkara masahat hem-de sergi ýaşlar ýylynyň jemlenmesine öwrüldi. Bu çäreler zähmetde, okuwda, sportda tapawutlanan ýaşlara bagyşlanyp, olaryň barşynda ýaşlara mynasyp bolan sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Sylaglara mynasyp bolan ýaşlar netijeli işlemäge we döretmäge ähli mümkinçilikleri üpjün edip, özleri barada yzygiderli alada edýändikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň bagtyýar häzirki güni we röwşen geljegi bolan ýaşlaryň mynasyp durmuşyny üpjün etmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideriniň asylly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýär. Ýaş türkmenistanlylaryň gatnaşmagynda şu ýylyň dowamynda geçirilen milli we halkara derejedäki çäreler ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm wakalara öwrüldi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edildi. Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» ady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Munuň özi halkara derejede ýaşlar hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň görkezijisidir.
Tamamlanyp barýan 2023-nji ýylyň ýene-de bir möhüm waka beslenendigini bellemek gerek. Şu ýylyň soňky günlerinde döwlet Baştutanymyz türkmen halkyna “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly ajaýyp eserini peşgeş berdi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu kitabyň neşir edilmegi uly ähmiýete eýe boldy.
Täze — 2024-nji ýyl hormatly Prezidentimiz tarapyndan makullanan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şygary astynda geçer.
Güljemal Toýlyýewa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Ykdysady we dolandyryş fakultetiniň 1D toparynyň talyby.