SIZDEN GELENLER

Ýaşlar – Watan daýanjy

Ajaýyp zamanamyzda beden we ruhy taýdan sagdyn, watansöýüji, zehinli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmäge uly üns berilýär. Bu babatda halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýol-ýörelgeleri dowam etdirilip, olar mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylýar. Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden taryhy çykyşynda: «Ýaşlar guramasy Watana wepaly nesilleri terbiýelemekde we jebisleşdirmekde, olaryň güýç-kuwwatyny, aň-düşün- jesini Garaşsyz ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirmekde öz borjuny üstünlikli ýerine ýetirip gelýär» diýip, guramanyň işine ýokary baha berdi we öňde durýan wezipelerini kesgitledi.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegiň eýeleri bolan biz — ýaşlaryň kämil bilim almagymyza, döredijilikli zähmet çekmegimize, ata Watanymyza ak ýürekden hyzmat etmegimize uly mümkinçilikleri döredýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, onuň binýadynda tassyklanylan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaş nesilleriň ähli ugurda uly goldawa eýedigini görkezýär.

Bilim almak, hünär öwrenmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda berk eýerip gelen durmuş kadasydyr. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bagtyýarlygyňdyr rowaçlygyň gözbaşy bolan ylym-bilim döwletimiziň ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan esasy ulgamydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimiň we ylmyň jemgyýetimiziň döredijilik güýjüniň binýady hökmünde yzygiderli kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna, täze tehnologiýalara we öňdebaryjy innowasiýalara daýanyp, Garaşsyz Watanymyz okgunly ösýär. Eziz Diýarymyzda häzirki zaman kompýuterleri, tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri guruldy.

Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmek, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn we hukuk binýadyny yzygiderli berkitmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatda möhüm işler amala aşyrylýar. Taryhyň bütin dowamynda parahatçylygy we ynsanperwerligi ündäp, ylma-bilime, pähim-paýhasa belent sarpa goýup gelýän halkymyzyň bagtyýar nesilleri hökmünde eziz Watanymyza, ajaýyp durmuşymyza guwanmak, beýik geljegimiz üçin tutanýerlilik bilen okamak, öwrenmek, döretmek, gurmak, il içinde abraý-mertebä, sylag-hormata mynasyp bolmak ýaş nesilleriň mukaddes borjudyr. Bu mukaddes borjy berjaý etmegi belent mertebe hasap edýän türkmen ýaşlary bu günki günde

Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzy ählitaraplaýyn ösdürmek babatynda amala aşyrýan beýik işlerini özlerine nusga edinip, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda — ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda, iň kämil innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan iri önümçilik kärhanalarynda döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ruhubelent zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiz: «Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar» diýen taglymatyny öňe sürüp, eziz Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlaryň alyp barýan döredijilik işlerine, ylmyna-bilimine, ýurdumyzyň ösüşlerine goşýan goşandyna ýokary baha berýär.

Maksat Gajarow,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Ulaglar fakultetiniň 5-nji talyby.

Ýene-de okaň

Halkara ähmiýetli forum

Dost-doganlygy dabaralandyrjak forum

Ata Watan Eserleri

Awaza forumy – halkara gatnaşyklaryň täze sahypasy

Ata Watan Eserleri

Awaza – dostluk mekany

Awaza – halkara hyzmatdaşlygyň merkezi

Awaza forumy – hyzmatdaşlygyň möhüm meýdançasy