JEMGYÝET

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanun kabul edildi

Şu gün paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow rejelenen görnüşli «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Munuň özi nobatdaky ýaşlar forumynyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär. 

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 14-nji iýunynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň gatnaşmagynda döwlet ýaşlar syýasatyny, bu ugurda milli kanunçylygy kämilleşdirmäge bagyşlanan maslahat geçirdi.

Şonda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmek bilen bagly teklipleriň ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri, halypa professorlardyr alymlar tarapyndan öwrenilip we seljerilip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň garamagyna hödürlenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy barada aýdyldy.

Şunlukda, agzalan Kanunyň rejelenen görnüşini, şeýle-de onuň bilen baglanyşykly «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp baryldy.

Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz täze döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýaşlar syýasatynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan kanunlaryň yzygiderli kämilleşdirilýändigine ünsi çekip, rejelenen görnüşli «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň maksadynyň Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagyny üpjün etmekden, ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertlerini döretmekden ybaratdygyny nygtady.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri