JEMGYÝET

Ýaş oglanlaryň harby borçlulygy wagtlaýyn yza süýşürilýär

Paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Şol gurultaýda Türkmenistanyň Prezidenti  “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Bu kanunçylyk resminamasy täzeden seredilip, rejelen görnüşde taýýar edildi.

“Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny (rejelenen görnüşi) resmi metbugatda dolulygyna çap edildi. 

Şol Kanunyň 26-ni maddasynyñ degişli bölegi köp sanly türkmen ýaş oglanlaryny gyzyklandyrýan bolsa gerek. Ol ýerde şeýle diýilýär:

8) ýaşlarda okuwyň üznüksizligini gazanmak we olary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, umumybilim edaralaryny tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary hünär we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmagy üçin, bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürmek;

9) çagyryş boýunça harby gullugy geçen ýaşlar giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, döwlet hünär bilimi edaralaryna kabul edilmekde artykmaç hukukdan peýdalandyrmak göz öňünde tutulypdyr.

Bu hem mekdebi tamamlaýan ýaş oglanlaryň okuwyň üznüksizligini dowam etdirmek maksady bilen bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürmäge mümkinçilik alýar. 

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri