DÜNÝÄ

Ýaponiýanyň täze Premýer-ministri kim bolar?

Ýaponiýanyň şu wagtky Premýer-ministri Ýosihida Suga şu ýylyň 4-nji oktýabrynda öz wezipesini tabşyrýar. Şonuň üçin Ýaponiýany dolandyrýan Liberal-demokratik partiýa täze ýolbaşçy saýlandy. Iki tapgyrda geçirilen ses berişlikde ozalky daşary işler ministri Fumio Kisida ýeňiş gazandy.

“Kyodo” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Fumio Kisida ýurduň täze Premýer-ministri bolar.

Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň ýolbaşçysy wezipesi üçin ikinji tapgyrda Fumio Kisida bilen administratiw reformalar boýunça ministri, ozal daşary işler we goranmak ministri wezipelerinde işlän Taro Kono bäsleşdi.

Ses berişligiň birinji tapgyrynda Kisida 256, Kono bolsa 255 ses aldy. Kisida ikinji tapgyrda hem 257 ses alyp, ýurduň dolandyryjy partiýasynyň ýolbaşçysy bolmaga hukuk gazandy.

4-nji oktýabrda ýurduň parlamentinde Fumio Kisidanyň Premýer-ministri wezipesi üçin ses berişlik gurnalar.

Bu ses berişlik esasynda dalaşgärligi tassyklanan halatynda Fumio Kisida Ýaponiýanyň 100-nji hökümet baştutany bolar.

 

BMGÖM insulin bilen üpjün etmegini dowam edýär

Ýene-de okaň

Aşgabatda zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan interaktiw dialog geçirildi

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy resmi taýdan çap edildi

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň sebitleýin direktory bilen duşuşdy

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: “DV-2027” yglan edilermi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy