SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýaponiýada «sanjym pasporty» talap edilmegi mümkin

Ýaponiýa hökümeti azyk harytlary, öý goşlary we şuňa meňzeş başga harytlarsatyn almak üçin raýatlardan sanjym edilendigini görkezýän pasport talap etmegiň tertibine seredýär. Bu barada «The Japan News» neşiri habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, degişli teklip penşenbe güni  koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça hökümet toparynyň mejlisinde girizilmegine garaşylýar.

Habarda: «Dükanlaryň girelgesinde adamlardan sanjym edilendigini tassyklaýan pasporty soralar. Şoňa laýyklykda sertifikat eýeleri arzanladyş we goşmaça hyzmatlara eýe bolmagy mümkin» diýilýär.

Maglumat hökmünde, Ýaponiýada pandemiýa başlaly bäri 1,57 milliondan gowrak adama koronawirus ýokaşmasy anyklandy.

GuÅŸak barada…

 

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar