DÜNÝÄ

Ýaponiýa we ABŞ gatnaşyklaryň “täze altyn asyry” barada ylalaşyga gol çekdiler

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Aziýa döwletlerine saparynyň çäklerinde Ýaponiýada saparda boldy. Tramp Ýaponiýanyň Imperatory tarapyndan kabul edildi.

Soňra Ýaponiýanyň täze saýlanan Premýer-ministri Sanae Takaiti özüniň ilkinji daşary ýurtly myhmany bolan ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşdy.

Duşuşykda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp iki ýurduň arasynda “täze altyn asyry hyzmatdaşlygy” barada ylalaşyga, şeýle hem möhüm minerallar ulgamynda hyzmatdaşlyk barada ähtnama gol çekdiler.

Ak Tam bu resminamanyň “iki ýurduň hem ykdysady howpsuzlygyny berkitmäge, ykdysady ösüşini höweslendirmäge we şonuň bilen birlikde durnukly global gülläp ösmäge getirmäge kömek etjekdigini” belledi.

Iki lider öz ministrlerine we sekretarlaryna ony durmuşa geçirmek üçin goşmaça çäreleri görmegi tabşyrdylar.

Ýapon hökümet başlygy Sanae Takaiti üçin 21-nji oktýabrda wezipä başlanyndan bäri Ak Tamyň ýolbaşçysy bilen ilkinji gepleşikleri boldy.

Sanae Takaiti Donald Trampy parahatçylyk boýunça nobel baýragyna dalaşgär görkezjekdigini mälim etdi. Mundan ozal, Kambojanyň Premýer-ministri Hun Manet hem şeýle beýanat bilen çykyş edipdi. Donald Tramp Aziýa saparynyň çäklerinde Malaýziýada Kamboja bilen Tailandyň arasyndaky parahatçylyk şertnamasyna gol çekilmek dabarasyna gtanaşypdy.

Donald Tramp ikinji prezidentlik möhleti dowamynda Ýaponiýa ilkinji sapary boldy. ABŞ-nyň Prezidenti Ýaponiýa dört gezek, iň soňky gezek 2019-njy ýylda Ýaponiýada saparda bolupdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan-Ýaponiýa: suwuklandyrylan gazdan gelium gazyny öndürmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi