MEDENIÝET

Ýaponiýa hakyndaky kitaplaryň 156-sy Döwlet kitaphanasyna sowgat edildi

Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary Ýumi Ýoşikawanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana sapar bilen geldi. Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde hem-de Mejlisde duşuşyklar geçirildi. Şeýle-de dostlukly ýurduň wekiliýet agzalary Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna Ýaponiýa hakynda iňlis dilinde neşir edilen kitaplary sowgat bermek mynasybetli guralan dabara gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna iňlis dilinde neşir edilen Ýaponiýa hakyndaky kitaplary sowgat bermek dabarasy geçirildi. Oňa Aşgabatda saparda bolýan Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary Ýumi Ýoşikawanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, kitaphananyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu çäre 2008-nji ýyldan bäri bütin dünýäde hereket edip gelýän «Read Japan Project» taslamasynyň çäklerinde geçirildi. Syýasy, ykdysady, çeper edebiýatlary özünde jemleýän Ýaponiýa hakyndaky kitaplaryň 156-sy Döwlet kitaphanasynyň daşary ýurt edebiýatlary bölüminiň kitaplarynyň üstüni ýetirdi. Döwrebap kitaphananyň kitap tekjelerinde orun alan, ýokary hilli çaphana usulynda çap edilen neşirler ýapon edebiýaty, medeniýeti, sungaty, tebigaty bilen gyzyklanýanlara uly gollanma bolup hyzmat eder.

Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanda ýaşlaryň ýapon dilini içgin öwrenýändiklerini, ýokary okuw mekdepleriniň 6-synda ýapon dili kafedralarynyň hereket edýändigini, şeýle-de diňe paýtagtymyzyň özünde 12 sany mekdepde ýapon diliniň öwredilýändigini belläp geçdiler.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy