DÜNÝÄ

Ýapon şazada gyzy durmuşa çykdy

Ýaponiýaly şazada gyzy Mako öz söýen oglany Keý Kamuro bilen bagt toýuny tutdy. Ýaponiýanyň Imperatorlyk işlegi boýunça agentlik jübütiň nika toýuna degişli resminamalary degişli edara tabşyrdy.

Şol resminamalar tassyklanandan soňra ikisi hem 30 ýaşynda bolan Mako bilen Keý Komuro nikadan geçdi. Ýaponiýaly şazada gyzy Mako bu bika toýundan soňra Mako Komuro adyny aldy.

Imperatorlyk kanunçylygyna laýyklykda, adaty raýatlar bilen durmuş guran imperatoryň maşgala agzasy bolan zenan maşgala imperatorlyk derejesini bitirýär.

aponiýanyň Imperatorlyk işlegi boýunça agentligi Makonyň adaty raýat Keý Komuro bilen durmuş gurandygy üçin onuň adynyň imperatoryň maşgala agzalarynyň şejeresinden ýakyn wagtda çykaryljakdygyny belledi.

Mako we Keý  mundan soňky durmuşyny ABŞ-da geçirerler. Keý Komuro Nýu-Ýork şäherinde adwokatura edarasynda işe durdy. Olar ABŞ-a gidýänçeler Tokioda kärendesine alan ýaşaýyş jaýynda galarlar.

Mako imperator maşgalasynyň zenan agzalaryna berilýän 150 million ýen (1.3 million dollarlyk) tölegden hem ýüz öwürdi.

Mako bilen Komuro 2012-nji ýylda Tokio şäherindäki Halkara Kristian uniwersitetinde tanşypdy. 2017-nji ýylyň sentýabrynda nikalaşmagy meýilleşdiripdi.

Ýaponiýanyň imperatoru Naruhitonyň erkek dogany mirasdüşer şazada Fumihito 2020-nji ýylyň noýabrynda gyzynyň Keý Komuro bilen durmuş gumagyna rugsat beripdi.

 

 

Ýapon şazada gyzy imperator maşgalasyny terk etdi

Ýene-de okaň

Aşgabatda zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan interaktiw dialog geçirildi

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy resmi taýdan çap edildi

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň sebitleýin direktory bilen duşuşdy

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: “DV-2027” yglan edilermi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy