BIZNES

Ýanwar-noýabr aýynyň makroykdysady görkezijileri

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde ýanwar-noýabr aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabatlar berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 11 aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi.

  • Jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edildi.
  • Geçen 11 aýda öndürilen önümleriň mukdary, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim ýokary boldy.
  • Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek haryt dolanyşygynyň mukdary 16,5 göterim artdy.
  • Daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri bolsa, 18,6 göterim ýokarlandy.
  • Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 24,6 milliard manada deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz: geljekde-de telekeçileri hökman goldarys

Ýene-de okaň

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar