MEDENIÝET

“Ýaňlan, Diýarym” telebäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigine ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden ýaş aýdymçylar gatnaşyp, öz aralarynda bäsleşdiler. Şunlukda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylynda türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine goşant goşjak, geljekde sungat äleminiň ýyldyzlary bolup ýetişjek zehinli aýdymçylar ýüze çykaryldy.

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde ýokary ussatlyk görkezip, aýratyn tapawutlanan aýdymçylary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:

  • Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Meýlis Kerimowiç Hallyýew;
  • Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Kiçiaga geňeşliginiň oba medeniýet öýüniň çeper höwesjeňi Mähri Çaryýewna Çaryýewa;
  • Balkan welaýatynyň Esenguly etrap medeniýet bölüminiň Garadegiş oba medeniýet öýüniň akkomponiatory Dörtguly Baýramgeldiýewiç Kerimow;
  • Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Agzybirlik geňeşliginiň oba medeniýet öýüniň çeper höwesjeňi Kuwwat Jepbar ogly Weýisow;
  • Lebap welaýatynyň Saýat etrap medeniýet merkeziniň artisti Alym Röwşenowiç Taýyrow;
  • Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Akmyrat Hümmedow adyndaky geňeşliginiň Hojaýap oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Bägül Orazsähedowna Ataýewa.

 

Türkmenistanda pagta ýygymyna köpçülikleýin girişildi

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

18-25-nji ýanwar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Bathyz goraghanasynda ýene-de bir ene alajagaplaň ýüze çykaryldy

Türkmenistanyň döwlet kitaphanasyna pars dilindäki kitaplar sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

“Altyn Globus” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Las-Wegasda türkmen zenan el sumkasy dünýäniň iň meşhur sport ýyldyzlarynyň ýadygärlikleriniň arasynda ýerleşdirildi

Dr.Döwran Orazgylyjov