Hekaýa
Sary sähralaryň içinde indi köp-köp ýyllardan bäri bir aýdym ýaşaýar. Biz ony hernä tebigatyň ýylgyran mahaly ýatlaýarys. Ol aýdym Perreň gyzy Nurça baradaky aýdymlaryň aýdymy.
***
Bu wakany obamyz entegem ýadyndan çykaranok. Men-ä ol asla ýatdan çykaram öýdemok. Sebäbi ömrüň bilen bile ýoldaş bolunýan gözellik aňsat adamlaryň hakydasyndan çykmaýar. Häzirem men ol hakda begençli pikir edip otyryn. Adamyň adam hakda ýagşy pikirde bolmagy – seýrek gabat gelýän bagt.
Ak çägeleri birneme basgylan adamlar ýeneki bir zada baha berenlerinde, gum iliniň iň owadan maşgalasy diýip, Nurçanyň adyny tutýarlar. Men muňa ilkinji ýola halwa iýenimde begenişim ýaly begenýärdim. Begenmän näme, öz obaňda şeýle sypaýy maşgala kemala gelse, senem begenersiň. Şeýle gyzlary sähralar öz gamgyn ýelleri bilen gamgynka döredýär diýýärler.
Nurça günde ýekeje ýolam guýa suw almaga gidýärdi. Ana, şolam ýeterlikdi. Sebäp onyň jemalyny görmek üçin ýeke bir gyzyleňek jahyllar däl, garrylaram oňa durup seredýärdiler. Ýaş ýeleňler onuň ýekeje husytja ýylgyryşyna gabat geläýseler ony bütin ömrüne ýoldaş edinerdi. Ol seýrek bolýan zatdy. Ýöne dünýede bardy. Gyzyň ýekeje bakyşyny ömrüňe ýoldaş edinmek bu kagyza sygdyrardan has çylşyrymlydy.
Gartmaç aýallar bolsa gyz biziň ýaşymyza baryp garranda onuň şu görki ýitermikä ýa ýitmezmikä diýip oýlanardylar. Gojalar bolsa agyr başlaryny yrap, gyzyň öňünde näme garaşýarka diýip pikir ederdiler.
Nurça şeýle owadan gyz bolsa-da, henize çenli ony taryplap goşgy-gazal düzen ýok. Gaýraky obadan biri goşaýjak-goşaýjak ýalam etdi. Ýöne goşulmady öýüdýän. Sebäp okadym diýen bolmady. Kimdir biri oňa gyjyt berýän ýaly: “Men-ä şahyr bolan bolsam Nurça ýaly gyzy taryplap, ýekeje bent bolsa-da goşgy ýazardym-da, başga hiç zat ýazman ýaşardym” diýipdir.
Men her gezek Nurçany göremde: “Zöhre gyzam, Şasenemem, Leýlem edil şunuň ýaly tapylgysyz owadan gyz bolandyr. Eger ony kimdir biri ömründe diňe bir gezek söýülýän söýgi bilen söýse, biziň gumumyzyňam öz dessany bolar” diýip arzuw ederdim. Ýöne Nurça hakda dessan düzülmese-de, onuň hiç haçan öçmejek tarypyny sähra ýelleri ak çägeleriň ýüzüne ýazdy. Şu güne çenli sähra ýelleriniň gamgyn öwüsýänliginem şol bir wagtky Nurçanyň jemalyny döredenliginden görýärler.
Wagt geçýärdi. Kümüş şaýyny ak çägeleriň tämizleýşi ýaly, Nurçanam Ýerbendiň gamgyn ýelleri barha görklendirýärdi. Gelnejelerem baldyzy hökmünde ony gowy görýärdier. Ýöne zenan hökmünde gabanýardylar. Syr bermeselerem, men olaryň çaltrak Nurçanyň başynyň boglanyny näler isleýandiklerini aňýardym. Sebäbi, olar baldyz bilen bir öýden girip-çykyp ýörensoňlar, kölegede ösýän ýaly öz şuglalarynyň kem-kemden öçügsilenip barýandygyny zenan duýgulary bilen syzýardylar. Nurçanyň bar ýerinde, häki bir, gezek geçiren, uzyn eşikli ýaly bolup görünýärdiler. Nurça bolsa garyň aşagynda ýatan gök ýylagyň Günüň çoguna güberilip galşy ýaly, barha obamyza şuglasyny saçýardy.
Bir günem biz gynansagam, gelnejeleriniň diýeni boldy. Nurça gaýraky obalaryň birine çykýarmyş diýdiler. Soňam, hawa soňam, gözümiziň alnynda ony kejebä mündirip alyp gitdiler. Şonda çynym bilen aglanym ýadyma düşýär. Ol çagalygymdan saýlananym bäri ilkinji ýola aglaýşymdy.
Şeýdibem ol obamyzyň tukat durmuşyny hemem özi hakyndaky süýji ýatlamalary bize galdyryp gidiberdi. Aý-gün itenek-çomanak bolup geçip durdy, ýöne olar Nurçasyz geçýärdi.
Obamyz – Nurçany, öz asuda agşamyny, şadyýan gününi uly hesret bilen ugradansoň, indi her gün ýaşasyň gelmeýän artykmaç güni ýaşamaly bolýan ýaly ýaşap başladyk. Hiç bir zat, hatda has täsirli wakalaram ýeliň ugruna sowrulan ýaly ýatda galman geçip durdy. Adam dünýä dahylsyz ýaly ýaşasa, has erbet bolýan eken.
Men käte, halys ýüregime düşensoň, Nurçanyň giden tarapyna serederdim. Hol aňyrda sähralaryň unudylan ýollary çopanlaryň bil guşagy ýaly uzalyp ýatyrdy. Ähli zadyň üstüne Gün gaýmak şöhlelerini saçýardy. Göwnüme bolmasa, sähralaram gussaly ýylgyrýan ýalydy…Ýeke-täk göwnüme teselli berýän zat Gülsün eje namazyny okap bolansoň uzak dogalarynyň arasynda Nurçanyň adyny tutup pyşyrdap: “Gyzyň bagty bir bolawersin” diýerdi. Şo sözem maňa ertirki gün üçin ýaşamaga itergi bererdi…
***
Nurçanyň boýdaşlary Towşandyr Gytja, bir wagtlar Nurçanyň guýa suw almaga geçişi ýaly, alyn saçlaryny sypap, suw almaga geçerdiler. Ýöne gyz yşnaklary bar diýäýmeseň, olaryň Nurça boljak ýerleri ýokdy. Nurçada düşündirip bolmajak, aýratyn türkmen owadanlygy bardy. Şeýle gyzlary taryp edenlerinde, hemişeler “at ýeňse, ýuka dodak” diýýärdiler. Söbügem edil gum dykylan ýaly, gögerçin topukly bolardy.
Ýöne Nurça saýlan ýigidi bilen uzak ýaşaşmak nesip etmedi. Elbetde şeýle bolmalydyr-da. Neresse uly dünýä bilen ir hoşlaşmaly boldy. Gaýynlaram Nurçanyň nesilsiz ötmezligi üçin onuň köwşüni öňüne atdylar. Täleýiň guzaý tarapyna nesibesiniň çekenine gynansagam, onuň ýene obamyza dolanmagy meni begendirdi.
Nurça obamyzda öz göwün islegi üçin göreşen ilkinji zenan boldy. Şol günden başlabam, olaryň gapysynda at tezegi guramady. Biri gitse, ikisi gelýär, iksi gitse, üçüsi. Ýöne Nurçanyň kararsyz kalbyny eleläp bilen enteg-ä ýok. Men onuň näme gözleýänini bilýän. Ol bu hesretli uly dünýäde ýaşamaga itergi berýän, ýene ýaşasyňy getirýän, inçe duýguly syrdaş gözleýär. O döwürler men onuň gyt zatdygy hakynda asla pikir etmeýärdim. Oglan göwnüme iň gyt zat şekerrek kökedir öýderdim. Adam bolanyň inçe duýgusy bardyr diýip pikir ederdim. Ýöne ýalňyşan ekenim. Onda-da gaty ýalňyşypdyryn. Dünýede öz laýygyňy – pikirdeşiňi tapmak gaty kyn eken.
Nurçanyň kalbyny gozgamaga gelýän sawçylar bolsa o duýgudan has daşdady. Has dogrusy, olar dünýäniň şeýle ýaşaýşy bardyram öýdenokdylar. Olaryň “Dogranyp iýseň, naharlanan ýaly bolýaň” diýşip, uly okara çörek dograýanyny görýärdim. Özleriniň gowy ýatyp, ukularyny alandyklary barada hezil edip biri-birine aýdýardylar. Guýularyň suwunyň ajandygy hakynda-da gürrüň bolardy. Ertirden soň birigünüň bolýandygy barada-da agzardylar. Onsoň o gürrüňleri diňlän Nurça haýran galmak bilen şeýle sözeri aýdardy.
– Öwekge, kelle diňe ýeňsäňi gaşamak üçin gerekmikä?
Nurçanyň nazary çynlakaýdy. Şeýle pursatda men onuň ýüzüne seretmäge utansamam barybir seredýärdim.
Bir gün ilerki dag obalarynyň birinden kärizgen geldi. Onuň gep-sözi jaýdardy. Men onuň gep otaryşyndan Nurçany atyň ardyna alar öýütdüm.
– Käriz gazan mahalyň sen nämeleri görýädiň?
Nurça ilki sözi şondan başlady.
– Ýeriň aşagyndan akýan suwuň ýokardaky akymyň tersine akýandygyny…
– Gündüziň günem ýörejek ýoluny seljerip bilmän, kösenişip ýörenler gyt dälkä, sen garaňky ýerde, gara daşlaryň arasynda nädip ýoluňy seljerip bilýäň?
– Biziň ilimizde gandym ody iki ýola ýanar diýilýän söz bar. Öň durmuşda ýanan ýürek soň-soňlaram köreklenip durar eken. Ýalňyz wagtyň sähelçe oduň yşygam uly höwür…
Kärizgeniň öwrümli sözleri, many otaryşy Nurça ýaran borly. Onuň ýüzünde çalaja ýagtylyk göründi. Ol razylygyň alamaty ýaly bir zatdy. Men Nurçanyň ýene obamyzdan daşlaşjakdygyna gynansamam, onuň gussaly ýüreginiň rahatlyk tapanyna begenýädim.
Kärizgen Nurçany atynyň ardyna alyp, ugrabermekçi bolanda ol ýene bir öwrüm etdi.
– Azajyk atyňy sakla. Öýde owadan gezligim galypdyr… Gynam ýaramzja pyçaga degýärdi. Şony alaýyn-la…
Nebsi otugan kärizgen dodaklaryny tamşandyrdy.
– O zeýilli nepis zat bolsa alaly. Ol gymmatdyr, birnemejik pul ýasar…
Nurça öýüne girip çykmady. Daşarda garaşyp irikkä bolan kärizgen öýe girdi.
– Gezligiňi alan bolsaň ýör-dä…
– Ýerbendiň Nurçasyny atyň ardyna alaňsoň, gezlik nämä gerek. Ýeke pyçagy Nurça ýaly gelinden eý görän bolsaň… özüň gidiber…. Geregiň aşgezlik bolsa, men ugradaýaryn…
***
Nurçanyň akylyna men guwanýardym. Oň dünýä çynlakaý ädim urasy gelýärdi. Onda beýleki adamlarda ýok bolan zatlar bardy. Şo-da maňa ýaraýardy. Şonuň üçin oňa bir zat sowgat edesim gelýärdi. Ýöne sowgat edip bilmedim. Men muňa diýseň gynandym. Häzirem şo ýadyma düşende sowgadyň berilmändigine ökünýärin.
Nurçanyň yşkyna düşüp, entegem sawçy bary gelip durdy. Ýöne heserli baş yrlanokdy. Nurçanyň ýüregi adaty adamlardan tapawutlanýan, öz diýen adamsyny gözleýärdi.
Şeýle adam – bir ýetim oglan bardy. Onuň duýgusy başga ýerdedi. Şonuň üçin oňa akly ýuwkarakdyr öýderdiler. Bolup ýörşi şonam diýdirýärdi. Ol hiç kime goşulman, öz süýjüje arzuwy bilen dünýäni söýüp ýaşaýardy. Käte ol ýitirim bolup, duýguly sözüň hatyrasyna, “pylan ýerde üýtgeşik, gürrüňçil adam bar” diýip, allowarralardan çykardy. Şeýdip, ol çyn sözüň aşygy bolup ýaşap ýördi.
Günleriň bir günem şol oglan Nurçanyň ejirli ýüreginiň melhemi boldy. Men şonda Nurça bagtyň ýumşak penjesine düşendir öýütdüm. Emma ýalňyşan ekenim.
– Dünýä gelip-gitmegiň manysy näme?
Muny Nurçanyň ýangynly ýüregi diýýärdi. Oglan pikirlenmän jogap berdi.
– Kimdir biri ertirki gün seni ýatlasa… Bolmanda ýüz ýyldan soň.
- Ýaşaýyş…?
- Söýlüp ýaşamak iň uly tagtdanam beýikdir.
- Söýgüsiz durmuş?
- Gowsy ýaşamazlyk.
- Gorkýan zadyň?
- Ýerbendiň owadan ýaýlasy ýene, gör, näçe ýyldan siz ýaly gözel gyzy gaýdyp berer?! Men şondan gorkýan…
- Nähili bagt gowy bolýar?
- Elbetde kiçisi.
- Nämüçin?
- Bagt kiçijek bolsa, ol arassa hem tämiz bolýar. Meniň üçin häzir seniň maňlaýyň açylandan ýokarda zat ýok.
Nurçanyň ýeke-täk göwün beren adamy şol oglan boldy. Ýöne ol ony almady. Onuň sebäbi syr bolup galdy. Häzire çenli ak gijeler ol syry aýawly saklap, pugta dymýar. Köp-köp ýyllardan soň ol şeý diýipdir diýdiler:
– Bi häki, biziň gözümiziň öwrenişip ýören gyzy däl – Nurça. Men ony bagtly edip bilmerin öýdüp çekindim…
Ýetim oglanyň ýüz öwrenine, elbetde, Nurça gahar etdi. Ýöne akylly adamlar oňa gaharyň söýgi däldigini, wagt geçse köşeşýändigini, ýöne söýgüni köşeşdirmegiň has kyn düşjekdigini aýtdylar.
Şol ýetim oglan goşgy-beýlekem ýazýardy. Soň ol oglan Ýerbendiň kötelli ýollarynyň içinde içini hümledip kän gezipdir. Goşgy düzjek bolup, ýöremesi kyn bolan erkin ýodasynda ýelkeniniň gulagyny kän üzüpdir. Soňam, hawa soňam şeýle setirler dünýä inipdir.
Nurça gyzyň dodagyndan,
Günüň nurly çogy öpdi.
Gum gyzynyň bedenini,
Gök sazagyň püri ýapdy.
Sähra güli ýüzüne sürtdi,
Gum gyzynyň tozuny.
Ak çägeler ýitirmedi,
Nurça gyzyň yzyny…
***
Ondan bäri esli ýyl geçdi. Ýerbendiň owadan ýaýlasy köp-köp wakalaryň şaýady boldy. Olaryň ýakymlysam bar, ýakymsyzam. Soň Nurçanyň ýüregini gozgan şol oglan gum gyzy hakda uly kyssa ýazyp, çölüň bir ýerlerinde gömüp goýupdyr diýen gürrüň çykdy. Muňa Nurça dolanyp geläýjek ýaly begendim. Şonuň üçin heniz-henizlerem şemal arka aýlanyp, köwsarlaberse, ak çägäniň ýüzüne seredýärin. Göwnüme bolmasa, daşyna keçe oralan, küti kitap çykaýjak ýaly bolup dur…
Nurça soňam gozganman köp oturdy. Arada ýene-de obama gitdim. Ýetmişinji ýylyň gary depäme sepeledi. Ynha bu gün ýene oglan aýak yzlarymy görmek üçin obama barýaryn. Ho-ol alysdan obamyzyň töweregini gaplap duran ak çägeler göründi. Ol ýerde meniň düýnüm ýatyr.
Men obamyzyň iň takwa adamsyndan Nurçanyň ykbalyny soradym.
– Heý Nurçanyň gitmänkä aýdan-goýan sözi barmy?
– “Ýerbent atly obamyň bolany üçin men bagtly” diýipdir.
– Ol durmuşa kimdir birini söýüp çykdymy?
Uzak pikirlenen goja gabagyny galdyryp gürledi:
– Söýüpdir öýdýän…
Soňra ol sözüniň üstüni ýetirdi.
– Ol ony Allany söýýändigi üçin söýüpdir…
– Ondan näme nesil galdy? Ogly barmy?..
– Ogul bolmandyr… Ikimi, üçmi gyzy bar öýdýän. Olaram gum içindäki obalaryň birinde ýaşap ýör-ä diýýäler…
Meniň olary göresim geldi. Megerem, ertir ýola düşsem gerek…
Öwezmyrat ÝERBENDI.