Biziñ her bir günümiz, aýymyz we ýylymyz özboluṣly many-mazmuna, taryha wakalara, ajaýyp üstünliklere eýe bolýar. Muny biz Ata Watanymyzyñ batly öñe barýan ösüṣli günleriniñ mysalynda-da aýdyñ görýäris.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaṣlar ýyly” diýlip yglan edilen ýylymyz hem ahyrlap barýar. Günler salymyny bermän geçip dur. Ýöne, yzda möhür goýýan her bir wakalar, üstünlikler ýurdumyzyñ içeri we daṣary syýasatynda oñyn baṣlangyçlaryñ esasyny düzýär. Biz muny Gahryman Arkadagymyzyñ, hormatly Prezidentimiziñ halkymyz ṣol sanda geljekki nesiller üçin edýän tagallalarynyñ netijesinde-de aýdyñ görýäris.
Ṣu ýylyñ özünde ýurdumyzyñ içeri we daṣary syýasatynda, halkara gatnaṣyklarynda alnyp barylan, bitirilen iṣleriñ, durmuṣa geçen wakalaryñ sany-sajagy ýok. Her bir üstünligiñ, wakanyñ bir ýanynda ýaṣlaryñ bolmagy bolsa, aýratyn buýsançly ýagdaý. Diýmek, döwlet baṣtutanlary tarapyndan uly ynam ýaṣlara gönügen bolsa-ony uly jogapkärçilik, borç hem buýsanç diýip kabul etmäge biziñ doly hakymyz bar.
Syýasatda, bilimde, medeniýetde, sportda gazanylan hem ýetilýän ösüṣleriñ haýsy biri hakynda aýtsañ-da gürrüñ edere zat köp. Daṣary ýurtly sungat ussatlarynyñ teatr, kino festiwallary, biziñ medeniýet günlerimiziñ dürli ýurtlarda yzygiderli geçirilmegi Türkmenistan bilen diplomatik gatnaṣyklaryny saklaýan beýleki ýurtlaryñ arasyndaky dostlugy has-da berkidýär.
Dünýäniñ islendik künjeginde bilimde, halkara olipmiadalarda, sportda gazanylýan, abraýly alynýan sylaglar, medallar bolsa biziñ Watanymyzyñ uly abraýyny artdyrýar.
Ýurdumyzda hereket edýän ýokary okuw mekdepleriniñ talyplarynyñ daṣary ýurtlarda gazanýan üstünlikleri hakynda bolsa aýdara zat juda köp. Her gezek türkmen talyplarynyñ gazanan ýeñṣine ṣaýat bolanymyzdaky duýgulary bolsa dil bilen düṣündirmek çetin.
“Bedew bady” bilen diýen aýtgyny biz häli-ṣindi eṣidýäris, dilimize sena edýäris. Bu häzirki ösüṣli menzilleri nazarlaýan Türkmenistan diýen beýik döwletde hakyky jüpüne düṣen söz. Adamyñ baṣy belende ýetende, ruhy galkynanynda, ýaṣaýyṣ durmuṣyndan hoṣal bolanynda onuñ joṣguny kalbyndan syzylyp çykýar. Ṣeýle joṣgun, bu gün bize-de nesip etdi. Sebäbi biz -Arkadag Serdarly bagtyýar ýaṣlar ýylynyñ talyby.
Ýylyñ ahyrlamagyna köp wagt galmady. Täze ýylyñ hem, üstünlikli, rowaçly, gadamly gelmegini arzuw edýäris. Watanyñ daýanjy bolan ýaṣlar, hemiṣe Siziñ bilen milli Liderimiz! Gahryman Arkadagymyz! Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Goý, Siziñ janyñyz sag, baṣyñyz dik, döwletli iṣleriñiz rowaç alsyn.
Geljek 2024-nji Täze ýyl- bütin Watanymyz üçin ṣöhratly ýyllaryñ birine öwrülsin!
Bägül Kakalyýewa,
TDM-niñ Halkara gatnaṣyklary institutynyñ talyby.