TEHNOLOGIÝA

“Xiaomi” ilkinji gezek “Huawei”-den ozdurdy

“Strategy Analytics” kompaniýasy 2020-nji ýylyň fewral aýy boýunça smartfonlaryň bazary babatda seljeriş işlerini geçirdi. Täze görnüşli koronawirus sebäpli smartfon satuwy hem birneme pese gaçdy.

Fewral aýy boýunça tutuş dünýäde 61,8 million akylly telefonlaryň satuwy amala aşyryldy. bu görkeziji 2019-njy ýylyň fewral aýy bilen deňeşdireniňde 38 göterim azdyr. Geçen ýylyň fewralynda 99,2 million telefon satylypdy.

Iň köp telefon söwdasyny amala aşyran kompaniýa ýene-de “Samsung” bolup, 18,2 million telefon satdy. Ikinji orny eýelän “Apple”-iň söwdasy 10,2 milliona deň boldy.

Üçünji orny Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýa eýeläp, ol hem beýleki hytaý kompaniýasy “Huawei”-den ozdurdy. Olaryň satuwlary degişlilikde 6 milliona we 5,5 milliona deň boldy.

Sanawda bäşinji we altynjy orunlaryň Hytaýyň “OPPO” we “Vivo” şereketleri 4 million we 3 ,6 million smartfon söwdalary bilen bu orunlary eýelediler.

Related posts

Gana Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy

vepa

40 milliard ýewrolyk maýa goýum

6G üçin emeli hemra