SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

X türkmen-german forumy geçiriler

Şu ýylyň 26-27-nji ýanwarynda Halkara okuw-ylmy merkezinde teleköpri arkaly X türkmen-german forumyny geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şu gezekki foruma Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we welaýat saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmenleri hem sanly ulgam arkaly gatnaşarlar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dünýäniň, şol sanda GFR-iň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygyny belledi.

Ençeme ýyllaryň dowamynda geçirilýän bu forum türkmen we nemes lukmanlarynyň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, ylmy işgärleri hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler