JEMGYÝET

Wladimir Putin Türkmenistanyň ýolbaşçylary Ýeňiş güni bilen gutlady

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna gutlag hatyny iberdi. 

Hususan-da Türkmenistanyň Prezidentine iberilen gutlag hatynda şeýle diýilýär:

Sizi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Söweş meýdanlarynda edermenlik görkezip, tylda janyny aýaman zähmet çekip, basybalyjylardan üstün çykan hem-de adamzady faşizm wehiminden halas edenler baradaky ýagty ýatlamalar hakydamyzda hemişelik ýaşar.

Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýowuz uruş ýyllarynda taplanan dost-doganlygyň, birek-birege goldaw bermegiň oňyn däpleri dostlukly gatnaşyklarymyzyň we çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de netijeli ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Ýurduňyzda ýaşaýan Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna tüýs ýürekden gutlaglarymy, berk jan saglyk, ruhubelentlik we uzak ömür baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin.

***

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. 9-njy maý Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň halklary üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Şol gün ýurtlarymyzda Beýik Ýeňşi ýakynlaşdyrmak üçin egin-egne berip, ganym duşman bilen gaýduwsyz söweşen, tylda zähmet çeken pederlerimiziň taýsyz edermenligini çäksiz hoşallyk bilen ýatlaýarys.

Beýik Ýeňşiň umumy ruhy mirasynyň mundan beýläk-de Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygyň ýoly bilen ösdürmäge ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasyna sapar bilen bardy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Ýolöten etrabynda döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Dr. Dowran Orazgylyjow: “Makul Iňlisçe–Türkmençe” dil gollanmasy – intellektual başlangyç

Ata Watan Eserleri

Aşgabat 2026-njy ýylda Russiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny kabul eder

Milli Liderimiz: Türkmen-rus uniwersitetini döretmek taslamasy dowam etdiriler