DÜNÝÄ

Wladimir Putin Täjigistanda döwlet saparynda bolar

8–10-nji oktýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin döwlet sapary bilen Täjigistana barar, şeýle hem «Merkezi Aziýa – Russiýa» ikinji sammitine we GDA döwlet Baştutanlary Geňeşiniň mejlisine gatnaşar.

Döwlet saparynyň dowamynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen gepleşikler geçiriler. Döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasyny, şeýle hem döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň uly toplumyny gol çekmek üçin taýýarlandy.

9-njy oktýabrda «Merkezi Aziýa – Russiýa» ikinji sammitiniň gün tertibinde Russiýa bilen sebitiň döwletleriniň söwda-ykdysady, maliýe, senagat, logistika, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bar.

10-njy oktýabrda GDA döwlet Baştutanlary Geňeşiniň mejlisinde Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň amaly taýdan ugurlary serediler, geljek üçin esasy iş ugurlary kesgitleniler, derwaýys halkara we sebit meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Mundan başga-da, «GDA +» formatyny döretmek we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna Arkalaşygyň ýanynda synçy statusyny bermek hakyndaky kararlary tassyklamak meýilleşdirilýär.

Duşenbede bolýan döwründe Wladimir Putiniň birnäçe döwletleriň liderleri bilen ikiçäk duşuşyklary hem göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan-Ýaponiýa: suwuklandyrylan gazdan gelium gazyny öndürmek maslahatlaşyldy