JEMGYÝET

Wladimir Putin Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary sylag bilen sylaglady

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet sylag bilen sylaglady. Bu barada Russiýanyň iri metbugat neşirleri habar berýär.

Russiýanyň Prezidenti Halk Maslahatynyň Başlygyny “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” atly ordeniniň IV derejesi bilen sylaglady.

– Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan uly goşandy üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeniniň IV derejesi bilen sylaglamaly – diýlip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň gol çeken degişli resminamasynda bellenilip geçilýär.

Rusisýa Federasiýasynyň hukuk maglumatlary boýunça portalyndaky habara görä, Russiýanyň Prezidenti Halk Maslahatynyň Başlygyny “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” atly ordeniniň IV derejesi bilen sylaglamak hakyndaky Karar 26-njy awgustda kabul etdi.

Mälim bolşy ýaly, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda geçirilen Hazar sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşypdy.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Aşgabatda iňlis dili boýunça V halkara internet olimpiadasy geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasyna sapar bilen bardy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Ýolöten etrabynda döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri