DÜNÝÄ

Wladimir Putin Awazada geçiriljek GDA-nyň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşar

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanda geçiriljek Garaşsyz Döwletler Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçisi Iwan Wolynkin habar berdi.

“Oktyabr aýynda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Wiktorowiç Lawrow Türkmenistana sapar eder, 9-njy oktýabrda bolsa ‘Awaza’ milli syýahatçylyk zolagynda GDA agza döwletleriň baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi meýilleşdirilýär. Oňa Russiýanyň Prezidenti Wladimir Wladimirowiç Putin hem gatnaşar”, — diýip Wolynkin metbugat üçin geçirilen brifingde aýtdy.

Ilçi şeýle hem 28–29-njy ýanwar aralygynda Aşgabatda Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuziniň ýolbaşçylygyndaky rus wekiliýetiniň sebit howpsuzlygy meseleleri boýunça ýokary derejeli ikitaraplaýyn maslahatlary geçirmek üçin sapar etjekdigini belledi.

“2026-njy ýylyň birinji ýarymynda GDA gatnaşyjy döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň mejlisiniň çäginde Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Wladimirowiç Mişustiniň Türkmenistana saparyna garaşýarys”, — diýip diplomat nygtady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan-Ýaponiýa: suwuklandyrylan gazdan gelium gazyny öndürmek maslahatlaşyldy