DÜNÝÄ

Wepaly – «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» boldy

Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde geçirildi. Bu ýerde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň hem-de alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň itşynaslaryna, olaryň janköýerlerine we mähriban halkymyza iberen Gutlagynda nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde özüniň gadymy görnüşini saklap galan türkmen alabaýlary halkymyzyň gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky düşünjeleriniň esasy nyşanlarynyň biridir.

Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary, itşynaslar, ugurdaş edaralaryň hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

 

«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň we türkmen alabaýyna bagyşlanan döredijilik gözden geçirilişiniň jeminiň jemlenilmegi ynsanyň wepaly dostunyň şanyna geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň ýatda galyjy wakalarynyň biri boldy. Toplumyň açyk manežiniň bäsleşik geçirilýän meýdançasyna bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda saýlanyp alnan, ýurdumyzyň dürli sebitlerinden iň gowy alabaýlaryň 10-sy çykaryldy. Emin agzalaryna we tomaşaçylara alabaýlaryň atlary, olaryň ýaşy, nesil ugry, eýesi baradaky maglumatlar mälim edilýär.

«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli bolan Wepaly atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Ony ösdürip ýetişdiren hem-de bu bäsleşige taýýarlan Türkmenistanyň at gazanan itşynasy O.Saparow. Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy — «Toyota Camry V6» kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy hem-de ol ýörite medal, göçme kubok, diplom bilen sylaglanyldy. Itşynas gymmat bahaly sowgat we alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak babatda döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Gyrgyzystana döwlet sapary bilen bardy

GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl duşuşygy 21-22-nji dekabrda geçiriler

Tramp: Si Szinpin 2026-njy ýylda ABŞ-a döwlet sapary bilen geler

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky agrosenagat haryt dolanyşygy 37% ýokarlandy

Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýuldy

Hindistanyň meşhur aktýory Dharmendra aradan çykdy