JEMGYÝET

Wengriýanyň Premýer-ministri resmi sapary bilen Türkmenistanyň paýtagtyna geldi

Şu gün Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň Türkmenistana iki günlük resmi sapary bilen Aşgabada geldi.

Şu mynasybetli iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Wengriýanyň Hökümetiniň baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Asylly däbe görä, milli lybasly oglan we gyz belent mertebeli myhmana duz-çörek hödürleýärler we gül dessesini gowşurýarlar.

Iki günlük resmi saparyň dowamynda wenger Hökümetiniň baştutany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşar we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen gepleşikleri geçirer.

Türkmen-wenger ýokary derejeli gepleşikleriň netijeleri boýunça iki doganlyk döwletiň we olaryň dostlukly halklarynyň arasyndaky ynanyşmagy we özara düşünişmegi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekiler.

Related posts

Özbegistandan oba hojalyk tehnikalary satyn alynar

vepa

Demir ýol gatnawlarynda hoş habar: synag gatnawlary ýola goýulýar

Ata Watan Eserleri

Işjeň wulkanyň üstünden geçdi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment