JEMGYÝET

Dohada Türkmenistanyň Prezidenti bilen Kataryň Emiriniň arasynda gepleşikler başlandy

Şu gün Dohada Katara döwlet saparyny amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Taniniň arasynda gepleşikler başlandy.

Resmi garşyalmak dabarasyndan soň, iki dostlukly döwletiň Baştutanlary wekiliýetleriniň giňeldilen düzümdäki duşuşygy geçirilýär.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäginde hukuk-şertnama binýadynyň berkidilmegine, parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine we iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň özara gatnaşyklaryny kämilleşdirmegine aýratyn üns beriler.

Şeýle-de, ýokary derejeli türkmen-katar gepleşiklerinde söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Wekilýetleriniň giňeldilen düzümdäki gepleşiklerinden soňra, dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň ikiçäk duşuşygy geçiriler.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy