DÜNÝÄ

Wengriýa Türkmenistanyň tebigy gazyna gyzyklanma bildirýär

Wengriýa Türkmenistanyň tebigy gazynyň Ýewropa iberilmegine gyzyklanma bildirýär. Bu barada Aşgabatda resmi saparda bolýan Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde bolan daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýýarto belläp geçdi.

TASS habarlar gullugynyň bellemegine görä, wenger ministri türkmen tebigy gazyna häzirki Ýewropanyň energiýa mätäçliginiň mümkin bolan çözgütleriň biri hökmünde garaýandyklaryny belledi. Onuň aýtmagyna görä, Türkmenistan baý energiýa çeşmelerine eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Wengriýanyň türkmen gazynyň Ýewropa iberilmegine mümkinçilik döretjek infrastrukturanyň gurluşygyna uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Türkmenistanyň tebigy gazynyň TransAnadoly gaz geçirijisi arkaly geçirilmegi babatda Türkmenistan, Türkiýe we Azerbaýjan bilen gepleşikler geçirildi.

Wengriýanyň hökümeti diwersifikasiýa syýasatyna laýyklykda, energiýa göterijileriň täze çeşmelerini gözleýär we bu babatda Azerbaýjan we Katar ýaly döwletler bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga çemeleşýär.

Ýene-de okaň

Türki dünýäsiniň futbol diplomatiýasy

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär