SIZDEN GELENLER

Welosiped ─ bu hereketiň nyşany

«Bütindünýä welosiped güni» Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde esaslandyryldy. Onuň Kararnamasynyň awtordaşlary hökmünde 56 döwlet çykyş etdi. Bu Resminama iri gurama agza 198 döwletiň ählisi tarapyndan gyzgyn garşylandy. Munuň özi Milli Liderimiziň teklipleriniň BMG tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygynyň we ýurdumyzda sporty ösdürmek, olimpiýa hem-de bedenterbiýe-sagaldyş hereketini wagyz etmek, ekologiýa medeniýetini pugtalandyrmak ugrunda gazanylýan üstünlikleriň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bütindünýä welosiped güni parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi hasaplanylýan sportuň örän giň mümkinçiliklerini öz içine alýan halkara baýramçylykdyr. Halkyň saglygy hakyndaky alada we adamlaryň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň ýöredýän syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Amala aşyrylýan özgertmeleriň, durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň we ägirt uly taslamalaryň özeninde döwletimiziň, jemgyýetimiziň baş gymmatlygy hasaplanylýan adamyň saglygy durýandygy bagtyýar raýatlaryň ählisine mälimdir.

Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri ynsana öz mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam berýär. Arkadagly Serdarymyz nusgalyk görelde görkezip, watandaşlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary hemişe bu ugra ruhlandyrýar. Garaşsyz ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, şonuň bilen birlikde ruhy hem-de beden taýdan kämil ýaşlary kemala getirmek ugrunda bimöçber tagallalar edilýär.

Häzir Bütindünýä welosiped güni sagdyn durmuş ýörelgesine we amatly ulag serişdesine gönükdirilen hereketiň giňden ýaýbaňlandyrylmagyny aňladýar. Welosiped ─ bu hereketiň simwolydyr.

Türkmenistanda welosipedçilik hereketini öňe sürmäge gönükdirilýan çäreler giň gerimliligi we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Meselem, 2019-njy ýylyň 1-nji iunynyda 2019 sany welosipedçi biri-birinden deň aradaşlykda bir hatara düzülip Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň daşyndan aýlandylar we 3300 metr aralygy geçdiler. Ol bu ugurda iň uzak dowam eden welosiped ýörişi diýlip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Türkmen paýtagtynda «Welosiped» monumenti açyldy, onuň çeperçilik kompozisiýasy milli äheňleri we türkmen halkynyň umumyadamzat hem-de halkara sport hereketiniň tarapdarydygynyň alamatlaryny özünde jemleýär.

Sagdyn we işjeň durmuş ýörelgesiniň adamlara öz mümkinçiliklerini doly açyp görkezmäge hem-de durmuşa geçirmäge ýardam edýändigi şübhesizdir. Yzygiderli geçirilýän türgenleşiklerdir sport maşklary adamyň saglygyna we özüni duýşuna oňyn täsir edýär. Kesellere garşy durnuklylygy pugtalandyrýar, häsiýetiňi taplaýar, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk, özüňe bolan ynamy berkitmek ýaly häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Milli Liderimiz munuň şeýledigini özüniň şahsy göreldesi bilen tassyklap, watandaşlarymyzy, aýratyn hem ýaşlarymyzy beýik maksatlara ruhlandyrýar.

Welosiped sürmek ruhuňy belende galdyrýar, şeýle hem mähriban ülkämiz boýunça gyzykly gezelençleri amala aşyrmaga, tebigatyň ajaýyp künjeklerine baryp görmäge mümkinçilik berýär.

Orazniýaz Kerimow,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Inženerçilik ulgamlary we torlary kafedrasynyň öwreniji-mugallymy. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri