Toýlary toýlara ulaşýan eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda agzybirligiň, jebisligiň, zähmetsöýerligiň nusgasyny görkezýän halkymyz kalplary çäksiz buýsanç duýgularyna eýe edýän ajaýyp baýramy — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi uly dabaralara besleýär.
Esasy Kanunymyz we ýaşyl Baýdagymyz Watanymyzyň Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk ýörelgelerini we agzybir türkmen halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik gatnaşyklaryna bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny özünde jemleýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny, pederlerimizden miras galan däp-dessurlarymyzy we ahlak gymmatlyklarymyzy, ýurdumyzyň eýe bolan ösüşiniň belent sepgitlerini dünýä ýaýýan baýramdyr. Her ýyl agzybirlikde we ýokary ruhubelentlikde uly dabaralara beslenip bellenilýän şanly sene Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda has-da uly ähmiýete eýedir.
Her bir milletiň, döwletiň jemgyýetçilik aňyna, ruhuna täsir edýän aýratyn tapawutly alamatlarynyň bolşy ýaly, Döwlet baýdagymyz hem halkymyzyň ruhuny ganatlandyrýan nyşandyr, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň, asudalygynyň, parahatçylyk söýüjiliginiň we raýatlaryň öz ýurduna bolan buýsanjynyň kepilidir.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet jemgyýetçilik gurluşynyň köp asyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr. Esasy Kanunymyz ýokary hukuk güýjüne eýe bolmak bilen, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň güwäsi hökmünde çykyş edýär. Konstitusiýamyza laýyklykda, ösen dünýä tejribesi we milli ýol-ýörelgämiz esasynda yzygiderli kämilleşdirilýän kanunlar adamlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny kepillendirip, her bir raýatyň eziz Watanymyzyň rowaçlygy we mähriban halkymyzyň eşretli durmuşy ugrunda döredijilikli zähmet çekmegine, abadan ýaşaýşa gönükdirilen aýdyň wezipeleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagyna şertleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamdowyň baştutanlygynda gül açýan bagtyýar döwrümiziň toý–baýramly günleri zähmetsöýer halkymyzy joşgunly işlemäge ruhlandyrýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Döwlet baýdagymyzyň döredilenine 31 ýyl dolýar.
Türkmeniň ýaşyl sährasyndan reňk alan Tugumyzyň baýramynyň gelmegi bilen ýurdumyzyň ähli ýerinde baýramçylyk dabaralary aýdym-saza beslenýär. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzy ösdürmek we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň netijesinde eziz Diýarymyz gün-günden gözelleşýär.
Türkmeniň ýaşyl Tugy türkmen halkynyň umumadamzat ösüşine ägirt uly goşant goşan milletdiginiň ykrarnamasydyr. Şeýle mukaddeslikleri öz kamatyna siňdiren Döwlet baýdagymyz berkararlyk we bitaraplyk nyşany bolup dünýäniň öňünde asuda pasyrdaýar.
Dawut Baýramow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.