JEMGYÝET

Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan sergi

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli sergi guraldy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Sergi «Ata Watanym jan Türkmenistan» diýlip atlandyrylýar.

Halypa suratkeşleriň eserleri bilen başlanýan sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleri Yzzat Gylyjowyň «Uzakdaky derweze», Ýakup Annanurowyň «Serhetçiniň maşgalasy», Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nyýazmyrat Dowodowyň «Esgerler bilen duşuşykdan soň» atly eserleri hem bar.

Aşyr Nuryýewiň «Tälim öwreniş ýeri» atly eserinde suratkeş ýaş esgerleriň türgenleşikden soň, çäge depelerinde dynç alýan pursatlaryny şekillendiripdir. Olaryň harby lybaslarynyň ene topragymyzyň reňki bilen sazlaşykly beýan edilmegi hem watansöýüjilik terbiýesi bilen bagly uly ähmiýete eýedir. Mundan başga-da, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Alekseý Şetininiň, Annameret Taganowyň heýkel eserlerinde Watan goragçylarymyzyň keşplerinde durmuşy oý-pikirleriň beýanyny görmek bolýar.

Sergidäki eserler Watanymyza söýgini, buýsanjy, bagtyýar geljege bolan ynamy artdyrýar.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi