DÜNÝÄ

Walentina Matwiýenko Arkadag şäherinde geçiriljek halkara foruma çagyryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, Walentina Matwiýenkonyň döwlet, syýasy, jemgyýetçilik işi köp babatda eneligi we çagalygy, saglygy goramak, çagalara bilim bermek meseleleri bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz türkmen tarapynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň çagalar bilen bagly meseleleri çözmäge gönükdirilen giň möçberli, uzak möhletli strategiýalary hem-de maksatnamalary taýýarlamak, kabul etmek we durmuşa geçirmek boýunça başlangyçlaryna uly hormat bilen garaýandygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz çagalaryň beden we aň taýdan sazlaşykly ösmegi, olara lukmançylyk, durmuş, beýleki kömegi bermek, ýaş türkmenistanlylary goldamak üçin has oňaýly şertleri üpjün etmek maksady bilen, döwletimizde ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Şu ýylyň 29-njy martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramagynda “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň bähbidine halkara işini ösdürmek” atly maslahat geçiriler.

Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz Russiýa Federasiýasynyň ýokary derejeli wekiliýetini öňde boljak foruma gatnaşmaga çagyryp, munuň parahatçylygyň belent ýörelgelerini, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik gymmatlyklaryny ilerletmekde saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy çakylyk üçin hoşallyk bildirip, russiýaly parlamentarileriň şu ýyl Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulýan çärelere, ilkinji nobatda, çagalaryň bähbidine halkara işe bagyşlanan maslahata gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Ýene-de okaň

Gazagystanda täze Konstitusiýa we täze baýramçylyk döredildi

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi