SPORT

Walensiýa: «Messi häzir ozalkysy ýaly güýçli garşydaş däl»

Mälim bolşy ýaly, şu günler dnüýäniň dürli yklymlarynda 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama duşuşyklary geçirilýär. Olaryň çäginde 9-njy iýun güni Aşgabat wagty bilen gije sagat 02:00-da Argentinanyň hem-de Kolumbiýanyň milli ýygyndylarynyň arasynda duşuşyk geçiriler.

Bu duşuşygyň öňüsyrasynda dünýä ýyldyzlaryny täsin teswirlemeler gelýär. Olaryň biri hem Kolumbiýanyň futbol ýygyndysynyň ozalky hüjümçisi Adolfo Walensiýa degişlidir.

Ol dünýä çempionatynyň saýlama duşuşygynyň öňýanynda argentinaly hüjümçi Lionel Messi baradaky öz pikirlerini paýlaşdy. Walensiýanyň teswirinde şeýle diýilýär:

«Argentina garşy oýun juda kyn bolar. Kolumbiýa Messini ýatdan çykarmaly, ol öňküsi ýaly däl. Oňa garşy arkaýynlyk bilen oýnamaly».

Onuň bu sözleriniň ýer tutjakdygyny ýa-da ýerde galjakdygyny öňdäki duşuşyk görkezer.

 

TSTB-niň kärhanalarynda haryt dolanyşygy 5,4 göterim ýokarlandy

 

 

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi