SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Üzümiň adam saglygyna edýän täsiri

Beýleki miweler bilen deňeşdirenimizde has köp witaminlere baý miweleriň biri üzümdir. Üzüm tagamy, dürli reňkli görnüşleri bilen dünýäniň iň meşhur miwelerindendir. Ol köpýyllyk ösümlik bolup, witaminlere we minerallara baýdyr. Üzümiň düzüminde  A we C witaminleri bardyr. Üzümiň adam saglygyna edýän täsiri hakda gysgajyk belläp geçeliň.

Üzümiň içindäki şänijekleriň hem peýdasy uludyr. Ol göz keselleriniň öňüni almaga ýardam edýär.

Üzüm ýürek kesellerine peýdalydyr.  Onuň düzümindäki witaminler zäherli maddalary gandan aýyrmaga ýardam edýär.

Üzüm süňkleriň ösmeginde we berkligi üçin gerek bolan demre baýdyr.

Üzüm ýadawlygy azaltmaga hem öz täsirini ýetirýär. Bu miwäni her gün iýmek adamyň energiýasynyň artmagyna täsir edýär.

Horlanmak isleýänler üçin esasy iýmitleriň biridir. Bu miwaniň kalorýasy azdyr. Kalorýanyň azlygyna garamazdan, aşgazany dok saklamaga ýardam edýär.

 

Ýanwar-oktýabr aýlarynda 248 birža söwdasy geçirildi

 

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar