Üzüm örän ýokary iýmitlik gymmaty bolan köpýyllyk miwe berýän agaçlaryň biridir. Şeýle hem onuň ýapraklary iýmitlik maksatlary üçin giňden peýdalanylýar. Ol Gündogar döwletleriniň milli aşhanalarynda-da uly meşhurlyga eýedir.
Üzümiň ýapraklary dürli öwüşginde bolup, ol üzümiň görnüşine baglydyr. Olaryň beýle bolmagy ýapraklaryň peýdaly häsiýetlerine gönüden-göni täsir etmeýär.
Üzüm agajynyň ýapraklary ir döwürlerden bäri halk lukmançylygy tarapyndan ulanylyp gelnipdir. Ýapraklar A, B, С witaminlere, şeýle hem marganes, magniý, demir we kalsiý ýaly minerallara örän baýdyr. Bedeni gündelik A witamini bilen üpjün etmek üçin 30 gram üzüm ýapraklaryny dürli görnüşde bişirip iýmeklik ýeterlikdir.
Ýapraklar köplenç nohut, noýba we mekgejöwen bilen taýýarlanylýar,
Ownadylan üzüm ýapraklary kosmetiki maksatlar üçin giňden ulanylýar. Gülüň baly bilen garylan üzüm ýapragy derini has ýumşak edýär.
Ýapraklar az kaloriýalydyr. Onuň 100 gram iýmitlik gymmaty 13 kkal-a deňdir. Şeýle hem onuň düzüminde 5,6 gram beloklar, 2,12 gram ýag we 6,31 gram uglewodlar bardyr.
Üzüm ýapraklarynyň dermanlyk häsiýetleri barada aýdanymyzda onda ösümlik süýümleriniň köp mukdary jemlenendir. Süýüm aşgazany doldurýar we gowy iýmitlenmäge kömek edýär. Ýapraklar antioksidant täsirleri bolan A witaminiň gymmatly çeşmesiniň bolmagy öňden bellidir. A witamini immunitetiň emele gelmegine gatnaşýar we öýjükleri erkin radikallardan goraýar. Antioksidant häsiýetleriniň bolanlygy üçin üzüm ýapraklary garramagy haýalladýar. Şeýle-de ýapraklar ýürek-damar keselleriniň öňüni almaga kömek edýär.
Mundan başga hem ýapraklary yzygiderli iýmeklik deriniň we saçyň ýagdaýyny gowlaşdyrmaga ýardam edýär. Ondaky kalsiý nerw we myşsa dokumalaryny saklamak, dişleriň we süňkleriň saglygy üçin zerurdyr.
Demirgazyk Amerikada üzüm ýapragynyň çaýy gepatit, içgeçme we garyn agyrysynyň dürli görnüşleri üçin köpden bäri ulanylýar. Bokurdak agyrysynda hem çaýyň peýdasy bardyr.
Dişiň çüýremegini azaltmak üçin üzüm ýapraklaryny çeýnemek ýeterlikdir. Ol agyz boşlugyndaky bakteriýalaryň sanyny azaldýar.
Allaberenowa Merjen,
TOHU-nyň talyby.
