Üstünlik gazanmagyň ýollary

Türkmenistan baý medeni däp-dessurlary saklap gelen gadymy siwilizasiýalaryň watany hökmünde bütin dünýä bellidir. Bäş  müň ýyldan bäri biziň ülkämizi “dünýäniň ýedi ýolunyň” çatrygy diýip atlandyrylypdyrlar, Gündogar bilen Günbataryň birikdiren Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolupdyr. On sekizinji asyrda dünýä belli fransuz alymlaryň biri – “Biz astronomiýa, matematika we lukmançylykdaky üstünliklerimiz üçin Gündogara sagbol aýtmalydyrys” diýip ýöne ýerden bellemändir. Gündogaryň parlak ýyldyzlaryň biri belli alym bolan Lukman Hekimdir. Bir sapar Lukman Hekimden “Sen ozal biriniň goýun çopanydyňyz. Indi bolsa şeýle belent mertebä ýetdiňiz. Munuň sebäbi näme-de?” diýip sorapdyrlar. Ol – “Elmydama dogry sözledim, galplyk etmedim, ýaramaz sözleri ulanmadym. Şu üç zat meni belende göterdi, abraý-hormata mynasyp etdi” diýipdir. “Çagalarymyz üçin iň zerur öwretmeli zat näme?” diýen soraga “Ýüzmegi öwretmek” – diýip jogap berip, munuň manysyny “çagalara ähli ýagdaýlardan özüni alyp çykmagy öwretmeli” diýip düşündiripdir.  Muny eşiden adamlar öz perzentlerini Lukman Hekimiň ýanyna eltip, Hekim-agadan çagalara üstünlik gazanmagyň ýolyny öwretmegi haýyş edipdirler. Lukman Hekim özüniň boş wagtyň azlygyna garamazdan çagalara her gün bir jümle öwretmegi ýüregine düwüpdir.

Şägirtlerine Lukman Hekim birinji gün – “Gyz enäni, ogul atany gaýtalaýandyr. Ataň bilen eneňe hyzmat edeniňizde, olara mümkin boldugyça has mylaýymlyk bilen nesihat beriň. Eger siziň maslahatyňyz ýer tutmasa, salyhatlylygy we sypaýylygy saklaň. Hatda siziň janyňyz ýanyp barýan bolsa-da, öz nägileligiňizi ýüze çykarmaň” diýipdir we günde öz durmuşyndan öwrenen zatlary düşündirip başlapdyr. Ertesi güni – Akylly adam diňe öz tejribelerinden, has akylly adam bolsa başgalaryňam tejribelerinden peýdalanmagy, şondan soň üçlenji we beýleki günler her gün bir tejribäni, ýagny – Gaharly wagtyň az wagtlyk sabyrly bolsaň, ýüz günlik puşmanlykdan halas boljakdygyňy; Kemçiligini aýdan adamy duşman saýmazlygy, ýüzüňe öwýäni dost saýmazlygy; Diliňden sypan sözi, bihuda geçirilen wagty, sapandan çykan oky, ýitiren saglygy yzyna dolap bolmazlygy; Sabyrlylyk – ähli gapylary açyp biljek açardygy; Edip bilmejek zady boýun almazlygy we boýun alan zady hökmany suratda ýerine ýetirmelidigini; Bilimden uly baýlygyň ýokdygyny; Haýyrly işe berk ýapyşmagy; Adamlaryň hemmesini hormatlamagy; Ähli zada garşy durup bolýandygy, ýöne ýagşylyga garşy durup bolmaýandygy; Diliňi ýakymly sözlemäge endik etmegini, ýagşylykdan başga zady adat etdirmegini; Gürle diýilmese, gürlemeli däldigini, soralmasa maslahat bermeli däldigini; Ýerlikli hem ýerinde dürs geplemegi; Peýdasyz  sözlerden gaça durmagy, çünki peýdasyz sözlerden hemişe zyýan geljegini; Iki sany ulanaýmaly söz bar bolsa, şolaryň iň oňadyny saýlamagyny; Ýaşajamak üçin ýeňmäni başarmagy; Biri bilen jedel edilende, sözleriň mylaýym, deliller bolsa polat ýaly bolmagyny; Akylyňy öz ýerinde ulanmagy; Adam geplejek zadyndan kyrk esse köp bilmese, geplemeli däldigini; Näme üçin dostuňa bergili bolmaly däldigini; Köp iýýände saglyk, köp uklaýanda akyl, köp gürleýände hakykat bolmazlygy; Ynsan bilen kitabyň daşyna aldanman, içine bakmalydygyny; Ýatan öküze iým ýoklygyny; Özüňe berk, beýlekilere ýumşak bolsaň, şeýdip, özüňi adamlaryň ýigrenjinden gorap boljakdygyňy; Aty ot bilen, guşy et bilen tutmagy; Az-az öwrenip ussa bolmagy; Abraý aljak bolsaň, artyk işlemelidigini; Dünýäde iň gymmat baýlyk jan saglykdygyny; Altyn hilinden, adam dilinden tanaljakdygy; Öwüt alan, başyny gaşamajakdygyny; Ýylan kowalasa ýola, düýe kowalasa ýapa gaçmagy; Ýekäniň çaňy çykmajakdygyny; Başga birine bir zat diýmezden ozal, şol sözleri özüňe aýdyp görmegi; Garaşmagy başarýan adam üçin ähli zat oňat netije berjekdigini; Gabat gelýän ownuk-uşak näsazlyklardan ýokarda durmagy.

Okuwyň soňky gününde Lukman-Hekim çagalara – Iň ýagşy gylyklar on sanydygyny, ýagny: dilegçini sylamak, serpaý bermek, bela-betere sabyr etmek, goňşularyň we dostlaryň hakyny ödemek, dogry sözlülik, garyndaşlyk gatnaşygynda bolmak, amanat zady abat saklamak, myhmansöýer bolmak, ýagşy iş edeni sylaglamak, utanç-haýaly bolmak barada gürrüň beripdir.

Şeýdip beýik alymdan başyndan geçiren tejribeleri, üstünlik gazanmagyň ýollaryny öwrenen okuwçylar – maşgalasyna, iline, ýurduna peýdaly adamlar bolup ýetişip, şol tejribeleri biziň hemmämiz üçin şu günki günimize ýetiripdirler.

Mähirli BERDYÝEWA

Türkmenistan, Daşoguz şäheri

Related posts

Türkmenistan Hazarüsti söwda ýoly boýunça Nýu-Ýorkda geçirilen duşuşyga gatnaşdy

Türkmenistanyň DIM-nde döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi

Prezident Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentini COP31 Liderler sammitine çagyrdy

25-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ahalteke bedewleriniň döwlet goragy hakynda kanun kabul edildi

Türkmenistan «Merkezi Aziýa-Hytaý» gümrük gözegçileriniň iş duşuşygyna gatnaşdy

Si Szinpin döwlet sapary bilen ABŞ-a bardy

Türkmenistanda täze önümçilik kärhanalary gurlar

Türkmenistanda 5300-e golaý täze iş orny orny dörediler

Ata Watan Eserleri

24-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Deport we çäklendirme nähili aradan aýrylyp bilner?

Tramp emeli aňyň adynyň «superintellekt» diýlip üýtgetdi

Gyrgyzystanda prezident saýlawlary 2027-nji ýylda geçiriler

Ata Watan Eserleri

Ronaldo 1000 gol sepgidine ýetmegi maksat edinýär

Garaşsyzlyk-buýsanjymyz

Döwlet Baştutanymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisinde gol çeken resminamalary

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynda 3 gün dynç alnar

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň 2-nji tapgyry 2027-nji ýylda açylar

Ata Watan Eserleri