SIZDEN GELENLER

Üstünligi ýola goýmak derejesi

Hormatly  Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda nebit we gaz pudagyna berilýän ünsler halk bähbitli işleriň hemişelik ýola goýulandygyny alamatlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryndan gözbaş  alan bu halk bähbitli aladalar gelejekde ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş şertlerini has- da gowulandyrmak we şol babatda edilýän işlere has içgin garamak ýaly netijeler bilen baglanyşyklydyr.

Döwletimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, energetika strategiýasynda hem ykdysady taýdan esaslandyrylan we energiýa howpsuzlygy, şeýle hem daşky gurşawy aýawly saklamak nukdaýnazary uly kepile eýedir. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, nebit we gaz pudagynda alnyp barylýan işleriň hem döwlet hem halk bähbitli bolmagy bolsa, bu oňyn başlangyçdan gözbaş alan ýurdumyzyň täze menzillere aşmagy üçin goşantdyr.

Türkmen energiýa serişdeleriniň dürli görnüşlerini dünýä bazaryna çykarmak we şol babatynda işler geçirmek, dünýä bazarynda türkmen topragyndan gazylyp alnan baýlyklary dünýä bazarynda islegli haryda öwürmek meselesi bolsa, bu edilýän işlere esas bolup durýar.

Häzirki wagtda dünýäniň ýüzi Türkmenistana bakýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň edýän işleri nebit we gaz pudagy ugrunda ösüşleriň mekany bolan Türkmenistanda giň gerime eýe. Munuň özi bolsa, dünýä bazary bilen bagly işleriň dostana gatnaşyklara birleşip, ykdysady üstünlikleri ýola goýmak derejesi diýmekdir.

Selbi  Hanmämmedowa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy: ykdysady syýasatyň esasy ugry

Ýylymyzyň şygary-ýolumyzyň çyragy

Döredijilik äleminiň gapysy: surat we çyzuw

Türkmen dili-milli guwanjymyz we ruhy hazynamyz

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri