SIZDEN GELENLER

Ussat suratkeş

Gadym wagtlarda bir obada ussat bir suratkeş ýaşaýar eken. Göz öňüne getirip bolmajak owadan suratlary çekip, gowy bahadan satypdyr. Günlerde bir gün obada ýaşaýan garyp ýaşuly bir adam onuň ýanyna gelip: “Seniň ýagdaýyň, ýaşaýyş-durmuş şertleriň gowy, eliň uzadan ýerine ýetýärkä näme üçin garyp adamlara kömek etmeýärsiň? Hanha, seret çörekçi käwagtlar garyplara çörek paýlaýar, gassap hem aram-aram mugtyna et berýär. Sen näme üçin beýle husyt?” diýip, soraýar. Emma suratkeş oňa bakyp hiç hili jogap bermän ýylgyrypdyr. Şol beren soragyna jogap alyp bilmän gaýdan garyp adam bolsa, obanyň içinde irden-agşam suratkeşiň gepini edip, ony oba adamlaryna ýamanlapdyr.

Birnäçe günden soň ussat suratkeş ýassyga baglanypdyr. Onuň hal-ahwalyny soramana şol çörekçi bilen gassapdan başga hiç kim gelmändir. Suratkeş uzak wagt geçmänkä dünýeden ötýär. Aradan birnäçe gün geçipdir. Garyp ýaşulynyň öwgüsine mynasyp bolan çörekçi adamlara çörek paýlamagyny, gassap hem mugtuna et bermegini bes edipdir. Oba adamlary bolsa olardan näme üçin garyp-gasarlaryň hakyny kesendiklerini sorap olaryň ýanyna barypdyr. Çörekçi hem-de gassap: “Her aýyň başynda merhum ussat suratkeş pul berip garyplara et bilen çörek paýlamygymyzy sargyt ederdi. Ol aradan çykandan soň pul berýän hem ýok. Ine, şeýleräk” diýip, olaryň beren bu soragyna jogap beripdir.

Meýlis Sadykow

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

Jumamuhammet Akgaýew :Tara öwrülen ömür

 

Ýene-de okaň

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury