JEMGYÝET

Ýurduň çäginde doglan ähli çagalaryň dogluşynyň bellige alynmagy

2019-njy ýylyň 5-6-njy sentýabrynda Nur-Soltanda, Gazagystanda «Doglanda hiç kim unudylmaly däldir» ady bilen hukuk barabarlygynyň we raýatsyzlygyň öňüniň alynmagynyň meseleleri boýunça Ikinji sebitleýin maslahat geçirildi.

Maslahat BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň Ýerine ýetiriji komiteti (UNHCR) tarapyndan Gazagystan Respublikasyndaky adam hukuklary boýunça Ygtyýarlandyrylan diwan bilen bilelikde BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasy (UNESCAP) bilen ýakyn hyzmatdaşlykda guraldy.

Maslahata Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli wekilleri, şeýle hem raýatsyzlygyň öňüniň alynmagy ulgamynda ähmiýetli iş tejribesi bolan raýat jemgyýetiniň guramalary gatnaşdylar.

Çärä türkmen tarapyndan Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Adalat, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Daşary işler, Içeri işler ministrlikleriniň we Statistika baradaky Döwlet komitetiniň wekilleri bardyr.

Maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar ýurduň çäginde doglan ähli çagalaryň dogluşynyň bellige alynmagynyň we raýatlyga bolan hukuklarynyň üpjün edilmeginde gazanylan ösüşleri hem-de olarda bar bolan boşluklary ara alyp maslahatlaşdylar; raýatsyzlygyň öňüniň alynmagy üçin dogluşlary bellige alyş maglumatlarynyň sanly ulgama geçirilmegi we sinhronizasiýasy meseleleri boýunça özleriniň öňdebaryjy tejribelerini paýlaşdylar; şeýle hem dogluşlaryň bellige alynmagyna degişlilikdäki milli kanunçylygyň üýtgedilmegi boýunça maslahatlaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapyndan üç sany prezentasiýa geçirildi:

– raýat ýagdaýlarynyň nama ýazgysynyň bellige alnyşynyň, dogluşlaryň hasaba alynmagynyň we raýatsyzlygyň öňüniň alynmagynyň milli ulgamynyň syny boýunça;

– «Men degişli» kampaniýasynyň aralyk jemleri we 2024-nji ýyla çenli raýatsyzlygyň aradan aýrylmagy ulgamynda döwletleriň indikatiw borçnamalary boýunça döwletiň ýeten derejeleriniň syny boýunça;

– nobatdaky ilat ýazgysyna görülýän taýýarlygyň we onuň usulyýetiniň kämilleşdirilmeginiň meseleleri, resminamasy bolmadyk we raýatsyzlygy kesgitsiz bolan şahslaryň, raýatsyzlygy bolmadyk şahslaryň, bellige alynmadyk çagalaryň we raýatsyzlygy bolmadyk çagalaryň mukdar hem-de hil görkezijileriniň seljermesi boýunça.

Çäre BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 2024-nji ýyla çenli raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça on ýyllyk kampaniýasynyň möhletiniň aralyk derejesiniň mazmunynda guraldy we BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Maslahat Durnukly ösüş maksatlarynyň  16.9 wezipesiniň gazanylmagyna özboluşly goşant goşmak bilen, ol adamlaryň resminamalaşdyrylmagyna degişli bolup durýandyr.

Ýene-de okaň

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri