BILIM

Üns be­riň, ýaş hu­kuk­çylaryň bäs­le­şigi geçirilýär

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2021-nji ýy­lyň 12-nji few­ra­lyn­da gol çe­ken Ka­ra­ry bi­len tas­syk­la­nan Türk­me­nis­tan­da we da­şa­ry ýurt­lar­da ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän çä­re­le­riň Mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Ada­lat mi­nistr­li­gi 2021-nji ýy­lyň mart aýyn­da ýaş hu­kuk­çy hü­när­men­le­riň ara­syn­da hal­ka­ra bäs­le­şik ge­çir­ýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Bäs­le­şi­ge ýur­du­myz­dan hem-de goň­şy we ýa­kyn hyz­mat­daş­lyk sak­la­nyl­ýan döw­let­ler­den 30 ýa­şa ýet­me­dik ýaş hu­kuk­çy hü­när­men­ler gat­naş­ýar­lar.

Bäs­le­şi­giň mow­zuk­la­ry:

1) Hal­ka­ra ener­ge­ti­ka tas­la­ma­la­ryn­da hal­ka­ra hu­kuk ka­da­la­ry­nyň ula­ny­lyş aý­ra­tyn­lyk­la­ry;

2) Hal­ka­ra eko­lo­gi­ýa hu­ku­gy­nyň wa­jyp me­se­le­le­ri we döw­re­bap hu­kuk çöz­güt­le­ri;

3) Hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň hal­ka­ra hu­kuk bin­ýa­dy­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi;

4) Hal­ka­ra ar­bit­raž ka­zy­ýet­le­rin­de döw­le­tiň bäh­bit­le­ri­ni go­ra­ma­gyň hä­zir­ki za­man tej­ri­be­si we gel­je­gi.

Gat­na­şy­jy­lar ag­za­lan mow­zuk­la­ryň bi­ri bo­ýun­ça 2021-nji ýy­lyň 25-nji mar­ty­na çen­li türk­men, rus ýa-da iň­lis dil­le­ri­niň haý­sy hem bol­sa bi­rin­de 20 sa­hy­pa­dan geç­me­ýän, «Ti­mes New Ro­man» 14-lik şrif­t­de ýa­zy­lan, aw­tor ta­ra­pyn­dan gol çe­ki­len, «pdf» for­ma­tyn­da­ky işi­ni elekt­ron poç­ta ar­ka­ly mi­nj­us­tice@on­li­ne.tm sal­gy­sy­na iber­me­li we 2021-nji ýy­lyň 30-njy mar­tyn­da wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly öz işi­ni esas­lan­dy­ryp, çy­kyş et­me­li.

Bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri goý­lan baý­rak­lar bi­len sy­lag­la­ny­lar we ola­ra de­giş­li şa­ha­dat­na­ma­lar gow­şu­ry­lar.

Goş­ma­ça mag­lu­mat­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Ada­lat mi­nistr­li­gi­niň mi­njust.gov.tm res­mi web-saý­tyn­dan alyp bi­ler­si­ňiz.

 

http://www.minjust.gov.tm/new/459 linki

 

Dünýäniň meşhur ykdysatçy zenanlary

 

 

 

Ýene-de okaň

Amerikada ýene bir mugt okuw :Fulbright Teaching Excellence and Achievement Programy

Ýyllyk kitap sergisi geçirildi

Täjigistan 12 ýyllyk bilim ulgamyna geçmegi meýilleşdirýär

Hususy kärhanalaryň işgärlerini tölegsiz iňlis dili okuwlaryna çagyrýarys!

Ata Watan Eserleri

Goranmak ministrliginiň harby okuw mekdeplerine 2026‑2027 okuw ýyly üçin kabul edişlik başlandy

Ýaş gyzlar üçin Amerikada gysga wagtlaýyn mugt okuw mümkinçiligi:TechGirls maksatnamasy