SIZDEN GELENLER

Ulag-logistika – möhüm pudak

Häzirki döwürde Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan ösmeginiň möhüm şerti bolan köpugurly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli taslamalary döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzyň halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ulag toplumynyň işini netijeli dolandyrmak hem-de durnukly ulag ulgamyny emele getirmek boýunça anyk maksatlaryň kesgitlenip, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, guramaçylyk taýdan täzeçe çemeleşmeleri ornaşdyrmaga döwlet derejesinde ähmiýet berilýär.

Häzirki wagtda geosyýasy we geoykdysady taýdan möhüm merkezleriň birine öwrülýän Hazar sebitinde hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurda Türkmenistanda dünýäniň ulag-kommunikasiýa ulgamyna sazlaşykly goşulyşmaga ukyply iri düzümleriň kemala gelýär.

Hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlup ulanmaga berlen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty we howa menzili, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transkontinental demir ýol geçelgesi we Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça halkara üstaşyr geçelgelerini birikdirýän, deňiz, guryýer we howa ýollaryny öz içine alýan multimodal üstaşyr ulag halkasynyň döredilendigini bellemek gerek. Häzirki döwürde Hazar deňziniň üsti bilen daşary ýurtlardan gelýän ýükleri üstaşyr ugratmak boýunça amatly şertleriň döredilýär.

Bulardan başga-da, Russiýa, Gazagystan, Eýran, Hindistan we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň ýük daşaýjylaryna Gündogar Ýewropa ýurtlaryna iň gysga ýol bilen gatnamaga mümkinçilik berjek Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtoulag köprüsiniň düýbüniň tutulmagy awtomobil, deňiz we demir ýol ulaglaryndan peýdalanmak arkaly multimodal gatnawlary ösdürmäge itergi berer.

Umuman, Türkmenistan «Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» hökmünde ykrar edilip, ýurdumyzda Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar halkara ugurlarynyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan üstaşyr ulag düzümlerine degişli desgalaryň yzygiderli gurulýar.

Döwletimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän syýasatyň netijesinde ulag-aragatnaşyk toplumynyň ykdysady görkezijileri-de guwandyryjydyr. Milli ulag ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi, bir tarapdan, ykdysadyýetiň durnukly ösüşine saldamly goşant goşsa, ikinji tarapdan, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy ykdysadyýetdäki ornuny barha berkidýär.

Başgaça aýdylanda, ýurdumyzyň geosyýasy ýerleşişi, ulag infrastrukturasyny dowamly döwrebaplaşdyrmak syýasaty üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga oňaýly şertleri döredýär. Şonuň üçin-de gürrüňi edilýän pudak öz-özüňi dolandyrmakda, halkyň durmuş üpjünçiligini berkitmekde, ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmakda döwlet tarapyndan saýlanyp alnan iň dogry hem iň bähbitli ykdysady ugurdyr.

Çeper Gylyjowa,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Kompýuter we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Dünýä akyldary – türkmen danasy

Zähmet okuwy – başarnygyň açary

Iňlis diliniň ähmiýeti

Saglyk — bagtyýarlygyň gözbaşy

Iňlis dili – halkara dil

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyragy — beýik hormata mynasyp ussat