JEMGYÝET

Ukuda wagty horlanmak mümkinmi?

Her gün iki käse “ulun” çaýyny içmek uky wagtynda hem bedendäki ýaglaryň bölünmegine itergi berip biler. Muny Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen gözlegiň netijesi subut edýär.

Häzirki wagta çenli “ulun” (ýarym fermentlenen hytaý çaýynyň) adam saglygyna edýän täsiri beýleki içgileriň täsirinden has az öwrenildi. Alymlar onuň gök we gara çaýa meňzeş häsiýetleriniň bardygyny, şeýle hem kofeiniň bardygyny bilýärler.

Nobatdaky ylmy-barlagyň esasy awtory, professor Kumpei Tokuýamanyň pikiriçe, kofein ýürek urmasyny ýokarlandyrmak arkaly energiýa çalşygyna täsir edýär.

“Nutrients” neşirinde çap edilen makala görä, “ulun” atly çaýyň ýaglaryň dargamanyna edýän täsiriniň ýokarydygy mälim edilýär. Onuň täsiriniň uky wagtyndan hem dowam edýändigi köpleriň ünsüni çekdi.

 

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy