SPORT

Ukrain boksçy Usik Taýson Fýurini ýene-de ýeňdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik agyr agramda professional boksçylaryň arasynda çempionlyk derejesini gorady. Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde ukrain boksçy Aleksandr Usik bilen Beýik Britaniýanyň boksçysy Taýson Fýuriniň arasynda jogap tutluşygy boldy.

12 döwden ybarat boks tutluşygynda emin agzalarynyň çykaran netijesi boýunça Aleksandr Usik ýeňiş gazandy. Iňlis boksçy Fýuri jogap tutluşygynda hem ýeňiş gazanmak başartmady.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 19-njy maýynda bu iki boksçy duşuşypdy we şol duşuşykda-da ukrain boksçy Aleksandr Usik ýeňiş gazanypdy.

37 ýaşyndaky Usik Bütindünýä boks assosiasiýasy (WBA) we Bütindünýä boks guramasy (WBO) boýunça dünýä çempiony guşagyny 4-nji gezek goramagy başardy. Şeýle hem ol ilkinji gezek Bütindünýä boksa geňeşiniň (WBC) kemerini gazandy.

Usik mundan ozal 90,71 kg agramda WBO, IBF, WBA we WBC ugurlary boýunça çempionlyk guşaklarynyň eýesidir.

36 ýaşynda Taýson Fýuri professional meýdançada 2-nji gezke ýeňlişe sezewar boldy. Onuň hasabyna 34 ýeňiş bar we şolaryň 24-inde garşydaşlaryny nokaut bilen ýeňipdi.

“TALKsport” britan portalynyň habaryna görä, bu gezekki tutluşygyň umumy pul baýragy 191 million dollara barabardyr. Bu serişdeleriň 114 million dollary ýeňiş gazanan ukrain boksçy Usige degişli bolar. 76 million dollar bolsa, Fyurä berler.

Birinji duşuşykda Usik 40 million dollar, Fýuri bolsa 110 million dollar gazanypdy.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy