SPORT

“Uimbldonyň” koroly – Nowak Jokowiç

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç koronawirus sanjymy almandygy üçin Awstraliýadaky “Uly tuwulga” ýaryşyna goýbermändi. Şondan soňra birnäçe kynçylyklary başdan geçiren Nowak Angliýada geçirilen “Uly tuwulga” ýaryşynyň çäklerindäki “Uimbldon” ýaryşynda ýeňiş gazandy.

Ol awstraliýaly Nik Kirgiosy 3:1 hasabyna ýeňip, yzly-yzyna 4-nji, umumylykda 7-nji ýeňşini baýram etdi.

Şeýlelikde, “Uimbldon” ýaryşynda Nowaga taý tapylmady.

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç bu gazanan üstünligi bilen umumylykda 21-nji “Grand Slam” çempionlygyny gazandy. Ol bu ugurda meşhur şweýsar tennisçi Rojer Federerden öňse saýlandy. Rojer Federeriň 20 gezek üstünligi bar. Nowagyň birinjilige geçmek üçin öňünde ýeke-täk bäsdeşi bar. Ol hem Rafael Nadaldyr. Onuň 22 gezek gazanan üstünligi bar. Nadal hem “Uimbldon” ýaryşynda gowy netije görkezip gelip, ýaryma finala çykypdy. Ýöne saglyk ýagdaýy sebäpli ýaryşdan çekilmeli boldy. Bolmasa, belki finalda Nadal bilen Jokowiçi hem görmek bolardy.

Mälim bolşy ýaly, zenanlarda bu ýaryşda birinjiligi gazak tennisçi Ýelena Rybakina gazanypdy.

 

Talyp-2022: Ýokary okuw mekdepleri boýunça ähli habarlaryň jemlenen ýeri

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy