SPORT

“UEFA”: “Ýylyň futbolçysy” baýragynyň eýesi kim bolar?

“UEFA” erkekleriň we zenanlaryň arasynda beýlekilerden tapawutlanan we muşdaklardan köp ses alan oýunçylara “ýylyň oýunçysy” baýragy gowşurylýar. Häzirki wagtda baýragyň dalaşgärleri mälim edildi. Geliň, olar bilen gysgaça tanyş bolalyň!

Erkekleriň arasynda:

Kewin De Bruýne, Robert Lewandowski ýa-da Manuel Noýer 2019/20 “UEFA”-nyň ýylyň oýunçysy baýragyna dalaşgär hökmünde saýlandy. Bular eminleri hem-de goldawçylaryň ses bermeginde öňe saýlanan oýunçy baýraga mynasyp görler.

Kewin De Bruýne (“Mançester Siti”) Ýewropanyň öňdebaryjy oýunçysy, “Premýer Ligada” 20 asist we 13 pökgi geçirip, rekord goýdy.

Robert Lewandowski (“Bawariýa”) 47 oýunda 55 pökgi geçirip, “Bawariýa” toparynda üç gezek ýeňiji boldy, şol sanda “UEFA” Çempionlar ligasynda ýaryşda öňdebaryjy oýunçylary hatarynda durýar.

Manuel Neuer (“Bawariýa”) UEFA Çempionlar ligasynda ussat oýunçylaryň biri bolup, “Bawariýanyň” üç gezek ýeňşinde ýeke-täk oýnuna gatnaşyp bilmedik oýunçydyr.

Zenanlaryň arasynda:

Ýylyň oýunçysy baýragynyň 2019-njy ýyldaky ýeňijisi Lusi Bronz, bu baýrak ugrunda ýene-de Pernil Harder we Wendi Renar bilen bäsleşer. Bu baýraga öň Nadin Angerer (2013), Nadin Kessler (2014), Seliýa Şaçin (2015), Ada Hegerberg (2016), Like Martens (2017), Pernille Harder (2018) we Lýusi Bronz (2019) dagy mynasyp boldular.

UEFA-nyň “Ýylyň oýunçysy” bäsleşiginiň ýeňijileri 1-nji oktýabrda Nonda mälim ediler.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

 

Ýene-de okaň

Özbegistanda Merkezi Aziýanyň iň uly stadiony gurulýar

Ronaldo soňky dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Türkmen samboçylary Bişkekdäki 2025-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň ilkinji gününde iki medala eýe boldular

Ata Watan Eserleri

Dewid Bekhem rysarlyk derejesini aldy

Keýn “Bawariýadan” “Barselona” toparyna geçip biler

Ata Watan Eserleri

Mbappe “Altyn aýakgap” baýragyna mynaysp boldy