TEHNOLOGIÝA

Uçýan awtoulagyň synagy üstünlikli tamamlandy

Uçýan awtoulagyň 35 minutlyk synagy üstünlikli tamamlandy. Şeýle ulagyň synagy Slowakiýada geçirildi. Iki şäheriň arasynda uçan awtoulag 2500 metr belentlige galyp, tizligi 170 kilometre ýetdi.

Slowakiýanyň Nitra howa menzilinden uçan awtoulag paýtagt Bratislawanyň halkara howa menziline gondy. “Klein Vision” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen “AirCar” atly uçýan awtoulagyň uçara öwrülmegi üçin bary-ýogy 2 minut 15 sekunt gerek.

Ýük göterijilik kuwwatlylygy 200 kilograma ýetýän uçýan awtoulag bir wagtyň özünde 2 adamy gatnadyp bilýär. “AirCar” ulagynyň ýokary göterilmegi üçin uçmagy üçin uçuş-gonuş zolagy zerurdyr.

Ulagy işälp düzen Prof. Stefan Kleýn “AirCar” ulagynyň doly işlenip düzülmegi bilen onuň uçýan menziliniň 1000 kilometre ýetjekdigini aýtdy.

2019-njy ýyldaky çaklamalara görä, uçýan awtoulag pudagy 2040-njy ýylda 1,5 trillion dollara ýetip biler.

9 ýylda 90 göterimi elektrikli bolar

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar