JEMGYÝET

Uçarda ýokary tizlikli internet

“Silkroadnews” internet neşiriniň habaryna görä, Hytaý ilkinji gezek uçarda ýokary tizlikli hemra internetine eýe bolan uçaryň uçuşy amala aşyryldy.

Hytaýyň Sindao şäherinden uçan uçar Çendi şäheriniň howa menziline gondy. Ol Hytaýda ilkinji gezek ýokary öndürijilikli Ka-band hemrasy bolan «Hytaýyň raýat awiasiýasy» aragatnaşyk ulgamy bilen enjamlaşdyryldy. 10 müň metr belentlikde internetiň tizligi 100 Mbit/s-a deň boldy.

Uçarda uçuş dowamlylygy göni ýaýlymda alnyp baryldy. Hytaýyň raýat awiasiýasynyň taryhynda ilkinji gezek uçarda ýolagçylara mobil telefonlary arkaly internetden peýdalanmaga mümkinçilik döredildi. Ýolagçylar uçuşyň dowamynda köp sanly gyzykly programmalardan peýdalanyp, wagtyny gowy geçirdiler.

 

Related posts

Sport dünýasiniň uly ýitgisi

vepa

Umyt Bolmaly

vepa

2018-nji ýyda “Toyotanyň” iň köp satylan kysymy…

vepa