BIZNES

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işi kämilleşdiriler

Wise-premýer H.Geldimyradow «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň düzümleriniň alyp barýan işleri baradaky hasabat berdi berdi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda ýurtda standartlaşdyrmak we setifikatlaşdyrmak işlerini ýokary hilli alyp barmak hem-de synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek boýunça çäreler yzygiderli geçirilýär. Bu babatda baglaşylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde daşary ýurtlaryň akkreditasiýa boýunça esasy edaralary bilen hyzmatdaşlyk barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti  hasabaty diňläp, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işlerini yzygiderli kämilleşdirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany halkara standartlary boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen, taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler