JEMGYÝET

“Türkmennebit” döwlet konsernine 250 million manatdan gowrak maýa goýlar

Şu gün hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde sanly ulgam arkaly iş maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary gatnaşdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow nebitgaz toplumynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýakynda “Türkmengaz” döwlet konsernine hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna maýa goýum serişdelerini bölüp berlendigini belledi.

Milli Liderimiz “Türkmennebit” döwlet konsernine 250 million manatdan gowrak maýa goýum serişdelerini bölüp bermek baradaky Karara gol çekdi.

Mundan ozal, hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli resminamalaryna laýyklykda, «Türkmengaz” döwlet konsernine jemi 159 million 530 müň 900 manat möçberinde we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna 75 million manat möçberde maýa goýum serişdesi bölünip berildi.

 

Awtobuslary onlaýn görnüşde sargyt etmegiň nyrhlary

Ýene-de okaň

“PSŽ” topary Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy

«Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetine Eswatinide önümçilik üçin ýer berilýär

Owganystanyň Premýer-ministri: Türkmenistan Owganystanyň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýär

ABŞ türkmen tebigy gazynyň eksportynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldaýar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Marko Rubio duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda Ählumumy dolandyryş boýunça Dostlar toparynyň mejlisine gatnaşdy