Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy şu ýylyň aprel aýynda Olimpiýa oýunlary — 2024-e gatnaşmak üçin saýlama duşuşyklary geçirer. Ýakynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherindäki ştab-kwartirasynda saýlama duşuşyklaryň bijeleri çekildi. Netijede, türkmen ýygyndysy «G» toparçada Hindistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndylary bilen duşuşar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.
Merkezleşdirilen görnüşde 3 — 11-nji aprel aralygynda geçiriljek duşuşyklar Olimpiýa oýunlary — 2024-iň zenanlaryň arasyndaky futbol ýaryşynyň Aziýa yklymy boýunça birinji saýlama tapgyry bolar. Onda 26 ýygyndy ýedi toparçada ýaryşar. Bije çekişligiň netijesinde toparçalaryň bäşisinde dört, ikisinde bolsa üç ýygyndy ýerleşdi.
Kamil Mingazowyň şägirtleri ikinji saýlama tapgyryna çykmak üçin toparçada diňe birinji orny eýelemeli bolarlar. Eger ýurdumyzyň zenanlar ýygyndysy muny başaryp bilse, galan alty toparçanyň ýeňijisi we Aziýanyň reýtinginde ilkinji bäş orny eýeleýän Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Awstraliýanyň, Hytaýyň we Koreýa Respublikasynyň ýygyndylary bilen birlikde ikinji saýlama tapgyrynda ýaryşar.
Bu 12 ýygyndy bije çekişligiň netijesinde dört-dörtden üç toparça bölüner. Soňra ýaryş şol toparçalaryň ýeňijileriniň we toparçalarda ikinji orny eýelän ýygyndylaryň arasyndan iň gowy netije görkezeniniň arasynda dowam eder. Dört ýygyndy öz aralarynda bije çekişip, garşydaşyny anyklar, şol garşydaş bilen öz ýerinde, myhmançylykda iki duşuşyk geçirer. Şol duşuşyklaryň netijesinde ýeňiş gazanan iki ýygyndy geljek ýylda Pariž şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanar.
Geçen ýyl taryhynda ilkinji gezek FIFA-nyň reýtingine girmäge hukuk gazanan Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysyna heniz Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak başardanok. Öňünde has uly maksatlary goýan ýygyndymyz şu günler Aşgabat şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny alyp barýar. Öňde duran jogapkärçilikli duşuşyklar türkmen ýygyndysy üçin halkara tejribäni baýlaşdyrmagyň möhüm tapgyryna öwrüler.
