DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýetiniň «Dragon Oil» kompaniýasy bilen geçiren duşuşyklary

BAE-niň Abu-Dabi şäherinde geçirilen ADIPEC-2025 sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň «Türkmenebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow bilen «Dragon Oil» kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyklar geçirildi.

3-nji noýabrda G. Agajanow «Dragon Oil» kompaniýasynyň pawilýonynda BAE-niň «ENOC» hem-de «Dragon Oil» kompaniýalarynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Saeed Al Tayer bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ýagdaýy, Saeed Al Tayeriň ýakynda Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijeleri hem-de hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.

«Dragon Oil» kompaniýasynyň pawilýonynda Türkmenistan bilen Dragon Oil kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygyna bagyşlanan ýörite sergi görkezilip, taraplaryň uzak möhletli we netijeli gatnaşyklary beýan edildi.

4-nji noýabrda Türkmenistanyň milli pawilýonynyň çäklerinde G. Agajanowyň «Dragon Oil» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji baş direktory Abdulkarim Al Maazmi bilen duşuşygy geçirdi. Duşuşykda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ýagdaýy hem-de onuň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan interaktiw dialog geçirildi

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy resmi taýdan çap edildi

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň sebitleýin direktory bilen duşuşdy

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: “DV-2027” yglan edilermi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy