JEMGYÝET

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Beýik Britaniýa sapary: hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi

2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna iş sapary başlandy.

25-nji fewralda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara deňiz guramasynyň Baş sekretary Arsenio Dominges bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda deňiz ulaglary we halkara gämi gatnawy ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda ministr ulag ulgamynda halkara guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň häzirki döwrüň ileri tutulýan wezipeleriniň biridigini nygtady. Bu ugurda Türkmenistan birnäçe halkara pudaklaýyn düzümler, şol sanda Halkara deňiz guramasy bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk edýär.

Ýurtda deňiz ulaglary ulgamynda halkara konwensiýalaryň talaplarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, gämi gatnawynyň döwrebap howpsuzlyk standartlaryny ornaşdyrmak we halkara borçnamalary nazara almak bilen kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny ösdürmek boýunça ulgamlaýyn işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden ulag meselelerine diňe bir milli we sebit derejesinde däl, eýsem global möçberde hem toplumlaýyn garalmagyna yzygiderli çagyryş edýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze formatyny kemala getirmäge gönükdirilen birnäçe rezolýusiýalary kabul etdi.

Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň özara gatnaşyklaryň ähmiýeti aýratyn bellenildi, munuň aýdyň subutnamasy hökmünde 2025-nji ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda deňize çykalgasy bolmaly ösýän ýurtlar boýunça BMG-niň Üçünji maslahatynyň geçirilmegi görkezildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Halkara deňiz guramasy bilen gurluşlaýyn dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de durnukly we howpsuz deňiz gatnawy ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.


Şol gün Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň DIM-niň we Beýik Britaniýanyň DIM-niň arasynda “Gurluşlaýyn dialogyň” açylyşy boldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Beýik Britaniýanyň DIM-niň Parlament wezipeli ministriniň orunbasary Heýmiş Falkoner çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri öz çykyşynda türkmen-britan hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini belledi we “Gurluşlaýyn dialogyň” üçünji tapgyryny geçirmegiň ähmiýetini nygtady.

Syýasy dialogyň we söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn dinamikasy kanagatlanma bilen bellenildi. Şunda bar bolan ykdysady mümkinçilikleri, şol sanda Türkmen-britan söwda we senagat geňeşiniň çäklerinde has doly peýdalanmagyň zerurlygy nygtaldy.

Bilim we medeniýet ulgamynda Türkmenistanda iňlis dilini öwrenmäge bolan uly gyzyklanma üns çekildi we Britaniýanyň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirildi. Saparyň çäklerinde bu ugurlarda birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi.

Sebit gün tertibi barada aýdylanda, ministr Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmagyň möhümdigini nygtap, Türkmenistanyň owgan halkyna durmuş-ykdysady taýdan goldaw bermäge gönükdirilen iri düzümleýin taslamalary amala aşyrýandygyny belledi. Sebit howpsuzlygy meseleleri boýunça özara gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýarlyk tassyklandy.

Şeýle hem möhüm halkara meselelere deglip geçildi. Türkmen tarapy BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine, ýurduň bitaraplyk derejesine we halkara jedellerini parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmegiň zerurlygyna ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklady.

Çäräniň jemleri boýunça iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2026-2027-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.

Soňra gepleşikler degişli departamentleriň ýolbaşçylarynyň derejesinde dowam etdirildi.

Ýene-de okaň

Hyzmatdaşlygyň täze formaty: “Merkezi Aziýa-Beýik Britaniýa” daşary işler ministrleriniň ilkinji duşuşygy

GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň mejlisi 22-nji maýda Türkmenistanda geçiriler

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýanyň Prezidenti bilen duşuşygy boldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýa sapary: hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekildi

Amerikan kompaniýalary Türkmenistanda 45 milliard dollarlyk taslamalary amala aşyrdy

Ata Watan Eserleri